“SpaceX” kompaniýasy geljekde Marsa kosmos gämileriniň uçuşlaryny dowam etdirmegi meýilleşdirýär. Öňümizdäki iki ýylyň dowamynda kompaniýa ekipažsyz “Starship” raketalarynyň bäşisini Gyzyl Planeta tarap uçurar. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy, meşhur işewür Ilan Mask habar berdi. Onuň sözlerine görä, kosmos gämileri Gyzyl planeta bökdençsiz gonan ýagdaýynda, dört ýylyň dowamynda ekipažly uçuşlar hem ýola goýlar. Işewür “SpaceX-iň Marsa gidýän kosmos gämileriniň sanyny artdyrjakdygyny aýdyp, kosmosa gidesi gelýänleriň ählisiniň Marsa gitmegini ýola goýmak isleýändiklerini belledi.
“SpaceX” kompaniýasy kosmosa degişli iri taslamalary durmuşa geçirýär. “Starlink” atly taslamanyň çäklerinde Ýeriň aşaky orbitasyna dünýäniň medeni zolakdan uzak ýerlerini, şeýle hem howa gämilerini internet aragatnaşygy bilen üpjün edýän antennalar ugradylýar. Bu hyzmat eýýäm dünýäniň köp ýerinde hödürlenýär. Mundan başga-da dünýäniň iň uly raketasy bolan “Starship”- işläp taýýarlan kompaniýa Gyzyl planeta bilen bagly dürli taslamalary durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär.
Şamyrat Abdyýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.