Beýik Britaniýanyň paýtagty Londondaky “Wembley” stadionynda boks boýunça agyr agramyň IBF çempionlyk guşagy ugrunda duşuşyk geçirildi. Iki iňlis boksçynyň tutluşygynda Daniel Dubua bilen Antoni Joşua duşuşdy. 96 müň janköýeriň şaýatlygynda geçen duşuşykda Dubua garşydaşyny 1-nji raundda ýere serdi. Ýöne emin sanap bolýança dikelen Joşua 2-3-nji raundlarda-da agyr urgulara sezewar boldy. 5-nji raundda Dubua garşydaşynyň dulugyna jaýdar urgy urup, ony nokauta iberdi.

Şunlukda, 27 ýaşyndaky Dubua karýerasynda boýunça iň esasy ýeňşini gazanyp, IBF ugry boýunça çempionlyk guşagyny goramagy başardy. Bu onuň 24-nji duşuşygyndaky 22-nji ýeňşi bolup, ol şolaryň 21-sini nokaut bilen gazanmagyň hötdesinden geldi. Dubua şu wagta çenli diňe 2 gezek – amerikaly Jou Joýsdan hem-de ukrainaly Aleksandr Usykdan asgyn geldi.

IBF-niň, WBO-nyň, IBO-nyň ozalky çempiony, 35 ýaşyndaky Joşua bolsa 32-nji duşuşygynda 4-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Onuň 25-si nokaut bilen jemi 28 ýeňşi bar. Joşua mundan öň meksikaly Endi Ruiz Juniordan, 2 gezegem Aleksandr Usykdan ýeňlipdi.

Bu tutluşykdan teleýaýlymlardan geljek pullary hem goşaňda Dubua 10, Joşua bolsa 25 million sterling gazanar.