23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli gününi belledi.
Dabara türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Amanow gatnaşdy.
Dabara Türkmenistanda akkreditirlenen halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, işewürler, žurnalistler we beýleki myhmanlar gatnaşdylar.
Bu ýerde Saud Arabystanynyň taryhy we şu güni barada gürrüň berýän sergi guraldy. Mundan başga-da, myhmanlara Saud kofesi, hurma, süýjülikler we dürli milli tagamlar hödürlendi.
Dabaranyň açylyşynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said bin Osman Ahmed Suweýd çykyş etdi. Ol çykyşynda sentýabr aýynda Saud Arabystany Patyşalygynyň döredilenine we esaslandyryjy patyşa Abdul-Aziz Al Saud tarapyndan birleşdirilenine 94 ýyl bolandygyny we bu ýyllar içinde ýurdunyň uly ösüşlere eýe bolandygyny belledi. Diplomat türkmen-saud gatnaşyklarynyň ýylsaýyn pugtalandyrylýandygyny nygtady.
Ilçi Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-saud toparynyň işiniň hem öňde goýlan belent maksatlara ýetmäge gönükdirilendigini aýdyp, ýangyç-energetika toplumy, söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa ulgamlary ýaly ugurlary geljegi uly hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň Patyşasy, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Salman ben Abdelaziz Al Saudy hem-de Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saudy Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli gutlady.
Gutlagda döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny, Türkmenistanda Saud Arabystany Patyşalygy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini hem-de ony mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirilýändigini nygtap, döwletara gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Ýeri gelende belläp geçsek, Saud Arabystany Patyşalygy Arabystan ýarymadasyndaky iň iri döwlet bolup, demirgazykda Iordaniýa, gündogarda Yrak, Katar, Kuweýt we BAE, günortada Oman we Ýemen bilen çäkleşýär. Kenarlaryny demirgazyk-gündogarda Pars aýlagy, günbatarda bolsa Gyzyl deňiz ýuwýar.