Taryhy wakalara, täsin statistikalara baý bolan “Mançester Siti” – “Arsenal” duşuşygy şäherliler üçin diňe bir 2 utuk ýitirilen oýun bolmady. Eýsem Pep Guardiola özüniň iň ynamdar şägirdini hem ýitirdi. Duşuşygyň 21-nji minutynda dyzyny tutup, meýdançadan çykarylan ispaniýaly ýarymgoragçy Rodriniň şikesi uly bolup çykdy. Onuň sag dyzynyň çapraz bagy ýyrtylypdyr. Şol sebäpli-de Rodriniň möwsümiň galanynda oýnamak mümkinçiligi ýok diýen ýaly. Ýagny 28 ýaşyndaky ýyldyz oýunçy üçin möwsüm tamamlandy. Rodri şu möwsümde umumylykda 3 duşuşykda oýnapdy. Ol 2019-njy ýylda “Atletiko Madridden” transfer bolupdy. Ol “Mançester Sitiniň” düzüminde 260 oýunda 26 gezek tapawutlandy.