“Real Madrid” – “Alawes” duşuşygynyň 80-nji minutynda oýundan çykan super ýyldyz Kilian Mbappeniň ýagdaýy belli boldy. Geçirilen lukman gözegçiliginden soň, onuň çep aýagyndaky biceps femoris myşsalaryna zeper ýetipdir. Klub oýunçynyň näçe wagtdan soň meýdança çykjakdygyny habar bermedi. Ýöne ispan metbugatynda fransiýaly ýyldyz oýunçynyň 3 hepde ýaly oýnap bilmejekdigi barada belläp geçilýär. Başgaça aýdylanda, Mbappe ýekşenbe günki Madrid derbisinde oýnamaz.