25-nji sent­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­ny dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mä­ge, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny be­len­de gö­ter­mä­ge uly şah­sy go­şant go­şan halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ry­nyň iň go­wy iş­gär­le­ri­ne, önüm­çi­li­giň öň­de­ba­ry­jy­la­ry­na, mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri­ne, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ne, zäh­met we­te­ran­la­ry­na ýo­ka­ry döw­let sy­lag­la­ry­ny we hor­mat­ly at­la­ryň da­ky­lan­dy­gy ba­ra­da­ky ny­şan­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Per­man­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ata Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li, döw­le­ti­mi­ziň we hal­ky­my­zyň öňün­de bi­ti­ren aý­ra­tyn hyz­mat­la­ry, mil­li däp-des­sur­la­ry­my­zy aýaw­ly sak­la­mak­da hem-de baý­laş­dyr­mak­da köp­ýyl­lyk ha­lal zäh­me­ti, ýo­ka­ry hü­när us­sat­ly­gy üçin ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň bir to­pa­ry Türk­me­nis­ta­nyň «Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­na bo­lan be­ýik söý­gü­si üçin» or­de­ni, «Gaý­rat», «Wa­ta­na bo­lan söý­gü­si üçin» me­dal­la­ry bi­len sy­lag­la­nyl­dy, şeý­le hem il­deş­le­ri­mi­ziň bir­nä­çe­si «Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti», «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan se­na­gat iş­gä­ri», «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan gur­lu­şyk­çy­sy», «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ulag iş­gä­ri», «Türk­me­nis­ta­nyň ylym­da we teh­ni­ka­da at ga­za­nan iş­gä­ri», «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan me­de­ni­ýet iş­gä­ri», «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti», «Türk­me­nis­ta­nyň halk bag­şy­sy», «Türk­me­nis­ta­nyň sun­gat­da at ga­za­nan iş­gä­ri», «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan žur­na­lis­ti», «Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş hyz­ma­ty çyg­ry­nyň at ga­za­nan iş­gä­ri» di­ýen hor­mat­ly at­la­ra my­na­syp bol­du­lar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça da­ba­ra­la­ra Mej­li­siň we­kil­le­ri, Hö­kü­met ag­za­la­ry gat­naş­dy­lar. Olar ýyg­na­nan­la­ry ýe­tip gel­ýän şan­ly baý­ram — ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni bi­len mä­hir­li gut­la­dy­lar hem-de bag­ty­ýar­lyk, ro­waç­lyk, Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de tä­ze sep­git­le­ri, dö­re­di­ji­lik üs­tün­lik­le­ri­ni ar­zuw et­di­ler.

 

Şu ge­zek­ki da­ba­ra­la­ra gat­na­şy­jy­lar my­na­syp bo­lan sy­lag­la­ry­ny çuň­ňur buý­sanç we tol­gun­ma duý­gu­sy bi­len ka­bul edip, öz çe­ken zäh­me­ti­ne ýo­ka­ry ba­ha be­ren­di­gi üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler. Olar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan edip, äh­li güýç-gaý­ra­ty­ny, ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň, hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na, döw­let öz­baş­dak­ly­gy­ny, mil­le­tiň ag­zy­bir­li­gi­ni hem-de je­bis­li­gi­ni, jem­gy­ýet­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­ma­ga ba­gyş­la­jak­dyk­la­ry­na ynan­dyr­dy­lar.

***

Şol gün paý­tag­ty­myz­da hor­mat­ly at­la­ra my­na­syp bo­lan dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ni hem-de ede­bi­ýat, me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň, ýaş aý­dym­çy­la­ryň we ze­hin­li ça­ga­la­ryň ara­syn­da yg­lan edi­len Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň “Türk­me­niň Al­tyn asy­ry” at­ly bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Her ýyl ýur­du­my­zyň baş baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri­ni döw­let de­re­je­sin­de sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy­nyň ge­çi­ril­me­gi Ga­raş­syz, Bi­ta­rap ýur­du­my­zyň yzy­gi­der­li ösü­şi­ne dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň goş­ýan go­şan­dy­nyň äh­mi­ýe­ti­ni aý­dyň şöh­le­len­dir­mek bi­len, baý­ram­çy­ly­ga aý­ra­tyn öwüş­gin çaý­ýar.
Ýyg­na­nan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň döw­let sy­lag­la­ry­na my­na­syp bo­lan dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ne hem-de “Türk­me­niň Al­tyn asy­ry” at­ly bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri­ne ibe­ren Gut­la­gy­ny uly ru­hu­be­lent­lik bi­len diň­le­di­ler. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ni bu şan­ly wa­ka we Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­ly­gy bi­len gut­lap, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ru­hy dur­mu­şyn­da, mil­li däp-des­sur­la­ry­my­zy, ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­my­zy go­rap sak­la­mak­da hem-de wa­gyz et­mek­de, Wa­ta­ny­my­zyň şöh­ra­ty­ny art­dyr­mak­da, dün­ýä ýurt­la­ry bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak­da ola­ryň alyp bar­ýan iş­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gut­la­gyn­da türk­men me­de­ni­ýe­ti­ni, sun­ga­ty­ny, ede­bi­ýa­ty­ny döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk de­re­je­de ös­dür­mek­de bu göz­den ge­çi­ri­li­şiň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ne, oňa me­de­ni­ýet, sun­gat, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň öz dö­re­den kä­mil eser­le­ri bi­len gat­naş­ýan­dyk­la­ry­na ün­si çe­kip: “Biz gel­jek­de-de bu bäs­le­şi­giň ga­dyr-gym­ma­ty­ny art­dyr­mak, onuň çäk­le­rin­de tä­ze bäs­le­şik­le­ri yg­lan et­mek, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ni mad­dy taý­dan gol­da­mak ba­bat­da giň ge­rim­li iş­le­ri alyp ba­ra­rys” di­ýip bel­le­di.
Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň döw­let sy­lag­la­ry bi­len sy­lag­la­mak ha­kyn­da Per­ma­ny hem-de “Türk­me­niň Al­tyn asy­ry” bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak ha­kyn­da Ka­ra­ry okal­ýar.
Dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, ýa­zy­jy-şa­hyr­lar, aý­dym­çy­lar, sa­zan­da­lar, şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty­nyň us­sat­la­ry, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri we beý­le­ki­ler dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­mä­ge, hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga dö­re­di­len äh­li şert­ler üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler. Bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri bu sy­la­gy di­ňe bir ýo­ka­ry hor­mat we jo­gap­kär­çi­lik hök­mün­de däl, eý­sem, sun­ga­tyň dö­re­di­ji, je­bis­leş­di­ri­ji we­zi­pe­si­niň ny­şa­ny hök­mün­de ka­bul ed­ýän­dik­le­ri­ni bel­le­di­ler.
Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ady­na Ýüz­len­me ka­bul edip, öz zäh­me­ti­ne ber­len ýo­ka­ry ba­ha we hal­ky­my­zyň ru­hy mi­ra­sy­ny ös­dür­mä­ge, dö­re­di­ji­lik­li iş­le­mek­le­ri ba­bat­da ze­rur şert­le­ri dö­ret­mä­ge ber­ýän ün­si üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler hem-de eziz Wa­ta­ny­my­zyň bäh­bi­di­ne mun­dan beý­läk-de äh­li güýç-gaý­ra­ty­ny, bi­lim­le­ri­ni, tej­ri­be­le­ri­ni gaý­gyr­ma­jak­dyk­la­ry­na ynan­dyr­dy­lar.