“Atletiko Madrid” toparynyň fransiýaly ýyldyzy Antuan Grizmann milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlandygyny aýtdy. Ol bu barada: – Durmuşymyň bu bölegini ýatdan çykmajak wakalara baý duýgular bilen jemleýärin. Bu ajaýyp üç reňkli başdan geçirme üçin minnetdar – diýip, sosial media sahypasynda habar berdi.

33 ýaşyndaky ýyldyz oýunçy Fransiýanyň milli ýygyndysynda 137 oýunda meýdança çykypdy. Ol şol duşuşyklarda 44 gol geçirip, 38 goluň pasyny berdi. Fransiýanyň milli ýygyndysy bilen 2018-nji ýylda Dünýä Kubogyny gazanan Grizman 2021-nji ýylda-da UEFA Milletler Ligasynyň çempiony bolupdy. 2016-njy ýylda Fransiýada ýylyň futbolçysy saýlanan Grizmann ýurdunyň U19 düzümi bilenem Ýewropanyň çempionlygyny gazanypdy.