Ha­ty­ra gü­ni – ha­ky­da gü­ni

132

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen ösýän ýurdumyzda Watan gerçekleriniň gahrymançylyklaryna hormat goýulýar, olaryň edermenligi çuňňur sarpalanýar. Her ýylyň 6-njy oktýabrynda Hatyra gününiň bellenip geçilmegi şol asylly işleriň aýdyň mysaly bolup durýar.

Bag­ty­ýar hal­ky­myz öz­le­ri­niň bu gün­ki aja­ýyp dur­mu­şy üçin Wa­tan ogul­la­ry­nyň ha­ty­ra­sy­ny be­lent tut­ýar, hor­mat bi­len sar­pa­la­ýar. Ola­ryň hor­ma­ty­na gö­zel paý­tag­ty­myz­da bi­na edi­len «Halk ha­ky­da­sy» ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­myn­da­ky «Ru­hy tag­zym», «Mil­le­tiň ogul­la­ry», «Ba­ky şöh­rat» ýa­dy­gär­lik­le­ri­ne tag­zym edip, ger­çek­le­riň syn­maz ru­hu­na sar­pa­sy­ny bil­dir­ýär. Gök­de­pe ga­la­sy­ny go­ran ata-ba­ba­la­ry­my­zyň, 1941 – 1945-nji ýyl­la­ryň Beýik Watançylyk ur­şu­nyň gah­ry­man­la­ry­nyň, 1948-nji ýy­lyň Aş­ga­bat ýertit­re­me­si­niň şe­hit­le­ri­niň ha­ty­ra­sy­na di­ki­len ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my bu gün­ki bag­ty­ýar dur­muş üçin ne­sil­le­riň ola­ra goý­ýan uly hor­ma­ty­nyň be­lent ny­şa­ny­dyr.
Ha­ty­ra gü­nün­de ru­hy mert­lik bi­len Wa­tan üçin gaý­duw­syz­lyk gör­ke­zen mu­gal­lym, il­ha­lar yn­san, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ata­sy Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň gah­ry­man­çy­ly­gy ba­ra­da ýat­la­nyl­ma­gy hä­zir­ki bag­ty­ýar dur­mu­şy­myz ug­run­da­ky sö­weş­de gah­ry­man­çy­ly­gyň baý­da­gy­ny ynam­ly par­la­dan ger­çek­le­ri­mi­ze asyl­ly sar­pa­nyň be­ýa­ny bo­lup dur­ýar.
Öten-ge­çen­le­ri ha­ty­ra­la­mak we ola­ryň ruh­la­ry­ny şat et­mek hal­ky­my­zyň en­çe­me ýyl­lar­dan bä­ri do­wam edip gel­ýän yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri­niň bi­ri­dir. Şir ýü­rek­li ýi­git­ler 1941 – 1945-nji ýyl­la­ryň Beýik Watançylyk ur­şu­na – Wa­tan go­ra­gy­na git­di­ler. Wa­tan üçin baş­la­ry­ny or­ta go­ýan mert ýi­git­le­riň gah­ry­man­çy­ly­gy en­tek­le­rem ne­sil­le­riň ha­ky­da­la­ryn­da ýa­şa­ýar.
Wa­tan ogul­la­ry­nyň syn­maz gaý­ra­ty bi­len bu gün­ki gün türk­men döw­le­ti gur­mak, dö­ret­mek ýo­ly bi­len ynam­ly öňe gi­dip, ta­ry­hy ösüş­le­ri baş­dan ge­çir­ýär. Tä­ze ta­ry­hy döw­rüň her bir gü­nü­ne şan ber­ýän wa­ka­lar döw­le­ti­mi­zi hem-de jem­gy­ýe­ti­mi­zi kä­mil ösü­şiň buý­san­jy­na gur­şa­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň ta­nal­maz de­re­je­de ös­me­gi, gö­zel paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň bol­sa, aja­ýyp keş­be gi­rip öz­ger­me­gi, bi­na­la­ry­nyň ag­la­ba­sy­nyň Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň gör­nük­li sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi, Azi­ýa­nyň mer­jen şä­he­ri diý­lip yk­rar edil­me­gi, tu­tuş­ly­gy­na hal­kyň oňaý­ly ýa­şaý­şy­ny üp­jün ed­ýän za­ma­na­bap şä­her­le­riň, oba­la­ryň ke­ma­la gel­me­gi türk­men dur­mu­şy­nyň ba­ky be­ýik­li­giň syn­maz ýo­ly bi­len öňe iler­le­ýän­di­gi­niň aý­dyň ala­mat­la­ry­dyr.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, «Halk ha­ky­da­sy» ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my 2014-nji ýy­lyň 6-njy okt­ýab­ryn­da Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da da­ba­ra­ly ýag­daý­da açyl­dy. Bu ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my Gök­de­pe ur­şun­da we­pat bo­lan gaý­duw­syz ger­çek­le­ri­mi­zi, 1941 – 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da, hal­ky­my­zyň azat­ly­gy ug­run­da­ky sö­weş­ler­de we­pat bo­lan gah­ry­man­la­ry­my­zy, şeý­le hem Aş­ga­bat ýer tit­re­me­sin­de şe­hit bo­lan il­deş­le­ri­mi­zi ha­ty­ra­la­mak mak­sa­dy bi­len gu­rul­dy. Ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­nyň umu­my tut­ýan meý­da­ny 650 müň ine­dör­dül met­re, uzyn­ly­gy 916 met­re, giň­li­gi bol­sa 626 met­re ba­ra­bar bo­lup, on­da ýer­leş­ýän des­ga­la­ryň tut­ýan meý­da­ny 5 müň 824 ine­dör­dül met­re ba­ra­bar­dyr.
Bi­wagt we­pat bo­lan­la­ryň ha­ty­ra­sy­na be­ril­ýän sa­da­ka­lar we do­ga-di­leg­ler ka­bul bol­sun! Ga­dy­my türk­men top­ra­gyn­da he­mi­şe pa­ra­hat­çy­lyk we ag­zy­bir­lik hö­küm sür­sün!

Näz­li BEG­JA­NO­WA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.