Garaşsyzlygyň geçen 33 ýyly halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyryp, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň ornuny berkitmäge gönükdirilen beýik işler bilen şöhratlandy. Şol işleriň ählisi milli ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýar. Garaşsyz Watanymyzyň belent sepgitlere ýetmegi, ykdysady taýdan ýokary depginde ösmegi geljegimiziň has-da röwşendigini wada berýär.
1991-nji ýylyň güýzünde dünýäniň syýasy kartasynda Garaşsyz Türkmenistan döwleti peýda boldy. Berkarar döwletimiziň iň täze taryhy, biziň ösüşlerimiz we üstünliklerimiz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Garaşsyzlygymyzdan başlanýar. Geçen 33 ýylyň dowamynda ýurdumyzda dünýä ýaň salan ägirt uly işler bitirilip, ähli ugurlarda asyrlara barabar ýol geçildi. Asylly däbe eýerilip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bellenilýän Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda-da Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilip, onuň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Diýarymyzy toplumlaýyn ösdürmek bilen bagly möhüm resminamalara-da gol çekdi. Şolaryň hatarynda 2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda Perman hem bar.
Aslynda, bu taryhy resminamanyň kökleri taryha uzaýar, ýagny Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek resmi taýdan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy geljek ýylda 30 ýaşaýar. Bu taryh üçin göräýmäge uzak möhlet bolmasa-da, şu geçen ýyllarda Garaşsyz Watanymyz dünýäde hoşniýetlilige, birek-birege ynanyşmaga eýerýän, parahatçylygy, asudalygy berkarar etmek üçin yzygiderli tagalla edýän döwlet hökmünde uly abraýa eýe boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Dünýäde şeýle bir hakykat bar: ykbal asmanyndan parlak Gün bolup dogan Garaşsyzlyk türkmen halky üçin altyn eýýamyň gapysyny açyp berdi, Türkmenistany hemişelik Bitaraplygyň mekanyna öwürdi, halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan halal ruhy akabasynyň öňüni arçady» diýip, örän ajaýyp meňzetme bilen beýan edýär. Bu altyndan gymmatly sözler Garaşsyzlygyň gaýtalanmajak waspy bolup, aňymyza hem kalbymyza ornady.
Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Şu günki ýaşlar Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen täze ruhly nesillerdir» diýip, belläp geçýär. Bu ajaýyp jümleden hem görnüşi ýaly, Garaşsyzlyk türkmen ýaşlarynyň ruhy güýjüdir. Ruhy güýç bolsa şahsyýeti kämillik menziline alyp gitjek ygtybarly ýolbeletdir.
Häzirki döwürde Türkmenistan dünýäniň abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar. Bu günki gün Türkmenistan parahatsöýüjilikli, ynsanperwer ýörelgeleri öňe sürmek bilen dünýä jemgyýetçiliginde mynasyp orunlaryň birini eýeleýär.
Ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryndan hasyl bolan Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty asyrlardan asyrlara aşyp, dünýä ýaň salsyn!
Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygyny halkara derejesinde täze mertebä göteren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň hemişe belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.
Jeýhun GELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.