Ak mermerli paýtagtymyzda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçen döwletli maslahatda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we syýasy ösüşiniň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, berkarar Watanymyzy ösdürmegiň uzak möhletli strategik maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
Halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty watandaşlarymyzyň agzybirliginiň, jemgyýetiň jebisliginiň has-da berkidilmegine uly goşant goşýar. Muňa biz onuň ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, berkarar döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işlerinde, her ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň öňüsyrasynda geçirilýän mejlislerinde il-ýurt bähbitli möhüm çözgütleriň kabul edilmeginde aýdyň göz ýetirýäris. 24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem bu hakykaty nobatdaky gezek açyp görkezdi.
Umumymilli forumyň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. Foruma gatnaşan wekiller türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmäge hem-de halkymyzyň rowaçlygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet Baştutanymyz forumda çykyş edip, Türkmenistanyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda ýetilen belent sepgitleriň ähmiýetini we düýp many-mazmunyny belledi, ýurdumyzyň parahatçylygyň, abadançylygyň ýoly bilen öňe gitmeginiň ugurlaryny kesgitledi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris. Agzybirlikde, bitewülikde ýurdumyzy ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletlilik ýoluny ynamly dowam etdireris. Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, ähli tagallalarymyzy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmelidiris» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz umumymilli forumda eden çykyşynda belledi.
Gahryman Arkadagymyz ykdysady ösüşiň her bir ýurduň durnukly öňe gitmeginiň möhüm şertidigini aýdyp, biziň ykdysady üstünliklerimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýratyn buýsanç bilen belledi. Çykyşynyň dowamynda milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geljek ýylda geçiriljek mejlisine 2026 – 2052-nji ýyllarda ýurdumyzyň daşary ykdysady işini; döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny; sanly ykdysadyýeti; ulag diplomatiýasyny; medeni diplomatiýasyny; ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny; ýokary bilimi ösdürmegiň Strategiýalaryny; intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny; 2030-njy ýyla çenli bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamalaryny hödürlemegi teklip etdi. Bu möhüm teklipler ýurdumyzyň geljekde hem okgunly ösdüriljekdigini güwä geçýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ýetilen sepgitlere aýry-aýrylykda syn berip, häzirki wagtda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň biziň ählimizden jogapkärçilikli, yhlasly zähmet çekmegi, ýokary netijeleri gazanmagy talap edýändigini nygtady. Şoňa görä-de, eziz Watanymyzyň, häzirki we geljek nesillerimiziň öňündäki jogapkärçiligimizi nazara alyp, ýurdumyzyň ýokary döwlet häkimiýet edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmelidiris.
Umuman, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem taryhy ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Ol hakyky toý ruhunda, işjeňlikde geçip, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini ýene-de bir gezek äşgär etdi.
Taryhy maslahatda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel Diýarymyzda giňden ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlendi. Onda kabul edilen çözgütleriň ýurdumyzy ösüşiň täze derejelerine çykarmakda, demokratik başlangyçlary mundan beýläk-de ösdürmekde ähmiýeti örän uludyr.
Gyzylgül PALTAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.