Ýur­du­myz­da oba ho­ja­ly­gy­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­mek, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak we ola­ryň to­hum­çy­ly­gy­ny yl­my esas­da ul­gam­la­ýyn alyp bar­mak bo­ýun­ça iş­ler yzygiderli kä­mil­leş­di­ril­ýär. Türk­me­nis­tan azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de be­lent sep­git­le­re ýet­ýär. Ýur­du­myz di­ňe bir azyk­lyk däl, eý­sem, to­hum­lyk bug­daý ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­de hem uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýar. Bu ugur­da­ky iş­ler hal­ka­ra de­re­je­de yk­rar­na­ma eýe bo­lup, Türk­me­nis­tan 2015-nji ýyl­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Azyk we oba ho­ja­lyk gu­ra­ma­sy­nyň (FAO) ýö­ri­te sy­la­gy­na my­na­syp bol­dy.
Mu­kad­des Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­my­zyň 33 ýyl­lyk şan­ly to­ýu­nyň öňü­sy­ra­syn­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat oba ho­ja­ly­gy bo­ýun­ça mö­hüm fo­rum­la­ryň ge­çi­ri­len mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Paý­tag­ty­myz­da «Oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň to­hum­çy­ly­gyn­da ýe­ti­len sep­git­ler we öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler» at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di.
Oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­mak eke­ran­çy­ly­gy ös­dür­me­giň tä­ze­çil stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­sy ug­ru­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­niň Yl­my-bar­lag dä­ne­çi­lik ins­ti­tu­tyn­da «Ser­dar», «Ar­ka­dag», «Py­ra­gy» diý­lip at­lan­dy­ry­lan güýz­lük bug­da­ýyň tä­ze gör­nüş­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi hem mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk pu­da­gy ýo­ka­ry de­re­je­de ös­dü­ril­ýär. Tä­ze be­lent sep­git­le­re, buý­sanç­ly zäh­met ýe­ňiş­le­ri­ne ýe­til­ýär. Ga­za­nyl­ýan her bir üs­tün­li­giň, zäh­met ýeň­şi­niň aňyr­syn­da, il­kin­ji no­bat­da, oba zäh­met­keş­le­ri­niň ýa­daw­syz yh­la­sy, dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti bar­dyr di­ýip, döw­let Baştutanymyz bel­le­ýär. Şo­nuň üçin hem döw­let ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň äh­li­si gü­neş­li Di­ýa­ry­my­zyň zäh­met­keş hal­ky­nyň eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de eden çy­ky­şyn­da: «Ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk pu­da­gy mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bug­daý we pag­ta ön­dü­ri­ji­le­ri yk­dy­sa­dy taý­dan hö­wes­len­dir­mek üçin şu ýy­lyň ha­sy­lyn­dan baş­lap, bu önüm­le­riň döw­let sa­tyn alyş ba­ha­la­ry ýo­kar­lan­dy­ryl­dy. Zäh­met­sö­ýer daý­han­la­ry­myz Wa­tan har­ma­ny­na 1 mil­li­on 400 müň ton­na­dan gow­rak bug­daý ha­sy­ly­ny tab­şyr­dy­lar. Ýyg­na­lan bug­daý ha­sy­ly hal­ky­my­zyň, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň baý­ly­gy­dyr, sa­çak­la­ry­my­zyň rys­gal-be­re­ke­di­dir. Bol gal­la ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­mek­de we ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak­da uly iş­le­ri bi­ti­ren, Wa­tan öňün­dä­ki şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­ti­ren us­sat gal­la­çy daý­han­la­ry­my­zy tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Şu ýyl pag­ta­çy daý­han­la­ry­my­zyň tu­tan­ýer­li zäh­me­ti bi­len, Wa­tan har­ma­ny­na 1 mil­li­on 250 müň ton­na «ak al­ty­nyň» tab­şy­ryl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Ýü­pek­çi­lik pu­da­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça öň­de goý­lan we­zi­pe­ler hem ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şu ýyl 2 müň 150 ton­na­dan gow­rak pi­le ön­dü­ril­di. Mal­dar­çy­lyk we guş­çu­lyk pu­da­gy-da ös­dü­ril­ýär. Ga­ra mal­la­ryň, do­war­la­ryň, guş­la­ryň, dü­ýe­le­riň baş sa­ny yzy­gi­der­li art­dy­ryl­ýar. Biz oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň ösü­şi­ni ylym hem-de ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len berk bag­la­nyş­dyr­ýa­rys» diý­mek bi­len, oba ho­ja­lyk pu­da­gy­na aý­ra­tyn üns ber­ýär.
Oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da äh­li şert­le­ri dö­re­dip ber­ýän, şeý­le uly üs­tün­lik­le­riň, öň­den­gö­rü­ji­lik­li oba ho­ja­lyk öz­gert­me­le­ri­niň ba­şyn­da du­ran hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze çäk­siz al­kyş aýd­ýa­rys.

Aly­mer­dan AMAN­GEL­DI­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.