Burtanž, Niderlandlar. Westerwald şäheriniň golaýynda ýerleşýän bu obada 430 adam ýaşaýar. Ýyldyza meňzeş bu täsin oba 1593-nji ýylda harby gullukçylaryň ýaşamagy üçin esaslandyrylypdyr. Tutýan meýdany 0,21 inedördül kilometre barabar bolan bu obada 133 sany ýaşaýyş jaýy bar. Niderlandlar bilen Germaniýanyň serhedindäki ýyldyza meňzeş oba niderlandlaryň esasy syýahatçylyk merkezleriniň biridir. Bu kiçijik obada merkezi bazar meýdançasy, köp sanly dükanlar, kafeler we restoranlar bar.
Bilberri, Angliýa. Glýuster şäheriniň Bilberri obasy dünýäniň iň owadan obalarynyň biri bolup, XVII asyrda bina edilen jaýlary, «Bilberri bahary», goňur alabasy (balygyň bir görnüşi) bilen görenleri haýran galdyrýar. Obanyň töwereginde jülgeler bilen utgaşyp gidýän depeler hem bar. Köln derýasynyň akyp geçýän bu obasy Angliýa gelýän syýahatçylar üçin iň gowy ýerleriň biri hasaplanýar. Derýanyň üstünde birnäçe daşly we agaç köprüler bolup, balyklary, ördekleri hem-de derýa ýakasyndaky agaçlary synlamaga mümkinçilik berýär.
Gasadalur, Şotlandiýa. Şotlandiýanyň demirgazygyndaky bu obanyň çägi Farer adalaryna degişlidir. Deňiz derejesinden 213 metr belentlikde ýerleşýän bu täsin oba diňe deňiz ýoly arkaly baryp bolýar. Obanyň daş-töweregi kert gaýaly bolup, bu oba barmak üçin ýörite gurlan basgançaklar arkaly ýokary çykmaly. Mulafossur şarlawugy obanyň iň owadan künjegi hasaplanýar.
Sirakawa-go, Ýaponiýa. Sokawa derýasynyň kenarynda ýerleşýän Şirakawa-go obasynyň daş-töweregini tokaýlar gurşap alandygy hem-de üstüni bulut örtüp durandygy sebäpli, ozallar bu oba kartada görkezilmeýärdi. Soňlugy bilen oba ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilip, meşhurlygy artyp başlaýar. Soňky ýyllarda obada abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar, ýollar çekilýär. Häzirki wagtda jahankeşdeler Şirakawa-go obasyna awtobusly gezelenç edýärler. Obanyň esasy aýratynlygy – ondaky ot bilen örtülen ýapgyt üçekli jaýlardyr. Mundan başga-da Syo derýasynyň üstünden geçýän asma köpri syýahatçylaryň has köp ünsüni çekýär.
Kua Wan, Wýetnam. Wýetnamyň Halong aýlagynyň gaýalary bilen gurşalan suw üstündäki Kua Wan obasynyň meşhur «Awatar» filminiň surata düşürilmeginde hyýaly tebigat bolup hyzmat edendigi aýdylýar. Syýahatçylaryň we balykçylaryň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolan Kua Wanda kiçijik jaýlar, naharhanalar hem-de mekdep bar. Oba mekdebine çagalar gaýykly gatnaýarlar. Bu ýer, hakykatdan-da, gaýtalanmajak özboluşlylyga eýedir.
Wengen, Şweýsariýa. Alp daglarynyň etegindäki Wengen obasynyň 1000-den gowrak ilaty bar. Bu oba Şweýsariýanyň meşhur ýerleriniň biri bolup, islendik möwsümde syýahatçylara duş gelmek bolýar. Wengen suw şypahanasy, asma ýoly, lyža ýaryşlary, gurjak teatrlary hem-de «Mendelssohn» aýdym-saz hepdeligi bilen meşhurdyr. Arassa dag howasynyň hapalanmazlygy üçin bu ýerde ulag sürmek gadagan.