Geçirilen barlaglara görä, Ýewropada uly şäherlerde ýaşaýanlar jemgyýetçilik ulaglaryndan has köp peýdalanýarlar. Her bäş ýewropalydan dördüsiniň jemgyýetçilik ulagyndan peýdalanýandygy anyklandy. Pariž, Berlin, Madrid, Stokgolm we Warşawa şäherleriniň ýaşaýjylarynyň jemi 2 müň 500-inden gowragynyň gatnaşmagynda geçirilen pikir soralyşyk geçirildi. Parižlileriň 86 göterimi jemgyýetçilik ulagyndan peýdalanýan bolsa, Warşawanyň we Madridiň ýaşaýjylarynyň ýaryndan gowragy işe ýa-da okuwa gatnanda awtoulagdan peýdalanýar.
Fransiýanyň Jemgyýetçilik ulagy we demir ýol gatnawy bileleşiginiň başlygy Mari-Anj Debon sürüjileriň ýeterlik derejede jemgyýetçilik ulagy bolan ýagdaýynda öz awtoulagyny sürmekden ýüz öwürýändiklerini aýdýar. Pikir soralyşyga gatnaşanlaryň 36 göterimi şäherara gatnawda 15 minutda az wagtda gidip bolýan ýerlere awtoulagly gidýändigini aýdypdyr. Debonyň sözlerine görä, gatnaw pudagy ýyladyşhana gazlarynyň 15 göterimini emele getirýär, şonuň diňe bir göterimi jemgyýetçilik ulaglaryna degişli.
Bilermenler şäherden uzakda awtoulagyň gatnaw üçin has köp ulanylmagynyň dowam etdiriljekdigini, emma bu ýerlerde hem hususy awtoulaglaryň ulanylyşyny azaltmak üçin edilip bilinjek işleriň bardygyny belleýärler. Debon gysga wagtlyk kärendesine berilýän “şärikli ulaglaryň” sanynyň artdyrylmagy, elektrik energiýasy bilen işleýän awtobuslaryň şäherden uzakdaky ýerlerde awtoulag ulanylyşyny azaldyp biljekdigini aýtdy.
Bilermenleriň duralgalaryň elýeterlililiginiň ýokary bolmagynyň hususy awtoulaglaryň ulanylyşyny azaltjakdygyny belleýärler.