Täze hepdäniň ilkinji gününden başlap, milli ýygyndylaryň duşuşyklary sebäpli ligalara 10 gün töweregi arakesme berler. UEFA Milletler Ligasynda nobatdaky duşuşyklaryny geçirjek Italiýanyň ýygyndysynyň düzümi belli bolup, Luçano Spalletti düzümi äşgär etdi. Onuň çagyran oýunçylarynyň arasynda 2 futbolçy “Romada” özüni görkezip başlan ýaş futbolçy Nikkolo Pizilli bilen rowaýaty futbolçy Paolo Maldininiň ogly Daniel Maldini hem bar. Olaryň ikisi-de ilkinji gezek milli ýygyndynyň düzümine çagyryldy.
Italiýanyň ýygyndysy 10-njy oktýabrda Belgiýa bilen, 14-nji oktýabrda-da Ysraýylyň ýygyndysy bilen duşuşar. Iki duşuşyk hem Italiýada geçiriler.
DERWEZEÇILER: Mikele Di Gregorio («Ýuwentus»), Janluiji Donnarumma (PSŽ), Gulelmo Wikario («Tottenham»);
GORAGÇYLAR: Alessandro Bastoni («Inter»), Raul Bellanowa («Atalanta»), Alessandro Buonžorno («Napoli»), Rikkardo Kalafori («Arsenal»), Andrea Kambýaso («Ýuwentus»), Jowanni Di Lorenzo («Napoli»), Federiko Dimarko («Inter»), Matteo Gabbiýa («Milan»), Kaleb Okoli («Lester»), Destini Udoži («Tottenham»);
ÝARYMGORAGÇYLAR: Nikolo Fajoli («Ýuwentus»), Dawide Frattezi («Inter»), Lorenso Pellegrini («Roma»), Nikkolo Pisilli («Roma»), Samuele Riççi («Torino»), Sandro Tonali («Nýukasl»);
HÜJÜMÇILER: Moýza Ken («Fiorentina»), Daniel Maldini («Monza»), Jakomo Raspadori («Napoli»), Mateo Retegi («Atalanta»).