6-njy okt­ýabr­da — Ha­ty­ra gü­nün­de 1948-nji ýy­lyň Aş­ga­bat ýer­tit­re­me­si­niň pi­da­la­ry hem-de sö­weş meý­dan­la­ryn­da we­pat bo­lan­lar ha­ty­ra­la­nyl­ýar. “Halk ha­ky­da­sy” ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­na gül goý­mak ha­ty­ra çä­re­si­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow gat­naş­dy.
Ir bi­len il­deş­le­ri­miz Aş­ga­ba­dyň gü­nor­ta-gün­ba­tar bö­le­gin­de ýer­leş­ýän, mil­li gah­ry­man­la­ry­my­za çäk­siz sar­pa­nyň ny­şa­ny bo­lan “Halk ha­ky­da­sy” ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­na gel­di­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň aw­tou­la­gy top­lu­myň öňün­dä­ki meý­dan­ça gel­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň es­ger­le­ri ny­za­ma dü­zü­len ýo­da­dan ýö­räp geç­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let se­na­sy ýaň­lan­ýar. Te­bi­gy bet­bagt­çy­lyk­da ömür ta­na­py ke­si­len­ler, gur­ban bo­lan Wa­tan go­rag­çy­la­ry ba­ra­da­ky halk has­ra­ty­nyň öz­bo­luş­ly saz­ly se­na­sy­na öw­rü­len gam­gyn “Keç­pe­lek” sa­zy ýaň­lan­ýar.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow 1948-nji ýy­lyň Aş­ga­bat ýer­tit­re­me­sin­de gur­ban bo­lan­la­ryň ýag­ty ýa­dy­gär­li­gi­ni ha­ty­ra­lap, “Ru­hy tag­zym” ýa­dy­gär­li­gi­ne gül çe­me­ni­ni goý­dy.
Öwe­zi­ni do­lup bol­ma­jak ýit­gä se­ze­war eden ýer­tit­re­me­de we­pat bo­lan wa­tan­daş­la­ry­myz ha­ky­da­lar­da ba­ky ýa­şa­ýar. Şol aýyl­ganç gi­je­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gar­ry ata­sy, 1941 — 1945-nji ýyl­la­ryň ur­şu­nyň sö­weş meý­dan­la­ryn­da gah­ry­man­çy­lyk gör­ke­zen, il­ha­lar yn­san, mu­gal­lym we tu­tuş öm­rü­ni ýaş­la­ry ter­bi­ýe­le­mä­ge ba­gyş­lan Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň hem ömür ta­na­py ke­sil­di. Sä­hel pur­sat­da türk­men paý­tag­ty­ny weý­ran eden şol pa­jy­ga­ly gi­je­de di­ri ga­lan­lar tu­tan­ýer­li­li­giň, gaý­duw­syz­ly­gyň, syn­maz er­kiň be­lent nus­ga­sy­ny gör­kez­di­ler.
Bu ýe­re ge­len­ler has­rat­ly dym­mak bi­len, ýa­dy­gär­li­ge ta­rap ýö­räp ug­ra­ýar­lar.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz fa­şiz­me gar­şy sö­weş­ler­de we­pat bo­lan türk­me­nis­tan­ly es­ger­le­riň hem-de ata Wa­ta­ny­my­zyň er­kin­li­gi, onuň bag­ty­ýar gel­je­gi ug­run­da­ky sö­weş­ler­de we­pat bo­lan gah­ry­man­la­ryň ha­ty­ra­sy­na bi­na edi­len “Mil­le­tiň ogul­la­ry” we “Ba­ky şöh­rat” ýa­dy­gär­lik­le­ri­ne gül çe­men­le­ri­ni goý­dy.
Türk­men top­ra­gy­nyň mer­da­na ogul­la­ry ba­ra­da­ky ha­ky­da­nyň ny­şa­ny hök­mün­de “ba­ky ot” ýa­nyp dur. Il­deş­le­ri­mi­ziň müň­ler­çe­si 1941 — 1945-nji ýyl­la­ryň ur­şu­nyň sö­weş meý­dan­la­ryn­da mert­li­giň, Wa­ta­ny­my­za çäk­siz söý­gi­niň nus­ga­sy­ny gör­kez­di­ler. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gar­ry ata­sy Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew hem bar. Onuň dur­muş ýo­ly türk­men ýaş­la­ry üçin ha­ky­ky wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň, bor­ja we­pa­ly­ly­gyň nus­ga­sy­dyr. Wa­ta­ny­my­zy go­rap, il-ýur­duň azat­ly­gy ug­run­da ja­ny­ny gur­ban eden mer­da­na ger­çek­le­ri­mi­ziň, mil­li gah­ry­man­la­ry­my­zyň al­dym-ber­dim­li sö­weş­ler­de gör­ke­zen eder­men­li­gi, ba­tyr­ly­gy, gaý­duw­syz­ly­gy, gah­ry­man­çy­ly­gy ata Wa­ta­ny, mäh­ri­ban hal­ky­ňy söý­me­giň, hal­ky­my­zyň er­kin­li­gi­ni we azat­ly­gy­ny go­rap sak­la­ma­gyň be­ýik mek­de­bi­dir.
Soň­ra Mej­li­siň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, da­şa­ry ýurt­la­ryň hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň Türk­me­nis­tan­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň we­kil­le­ri gül des­se­le­ri­ni goý­du­lar. Ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, mi­nistr­lik­le­ri­niň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, ta­lyp­lar, paý­tag­ty­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry hem ola­ryň gö­rel­de­si­ne eýer­di­ler.
“Ha­ty­ra gü­nün­de ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyl­ly däp­le­ri­ne eýe­rip, öten-ge­çen­le­ri­mi­zi, uruş­da we­pat bo­lan gah­ry­man­la­ry­my­zy, Aş­ga­bat ýer­tit­re­me­sin­de gur­ban bo­lan il­deş­le­ri­mi­zi ha­ty­ra­lap sa­da­ka­lar be­ril­ýär we aýat-tö­wir edil­ýär. Öten-ge­çen­le­ri­mi­zi ýat­lap be­ril­ýän sa­da­ka­lar, edil­ýän do­ga-di­leg­ler Be­ýik Bi­ri­ba­ryň der­gä­hin­de ka­bul bol­sun!” di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.
Çä­re ta­mam­la­nan­dan soň­ra, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ýyg­na­nan­lar bi­len mä­hir­li hoş­la­şyp, bu ýer­den ug­ra­dy.
Şeý­le çä­re­ler paý­tag­ty­myz­da bol­şy ýa­ly, Ar­ka­dag şä­he­rin­de, ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da hem ge­çi­ril­di.