Şu günler paýtagtymyzda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär. Munuň özi iki dostlukly ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýunynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat wekilçilikli topar Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde doganlyk gazak halkyny Watanymyzyň medeni-ynsanperwer ulgamda gazananlary bilen tanyşdyrdy.
Medeniýet ulgamyndaky özara hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmen-gazak medeni gatnaşyklarynyň ösüşi barada aýdylanda, iki ýurduň hemmetaraplaýyn işjeň dialogynyň kemala gelendigini, umumy taryh, ruhy gymmatlyklar hem-de ýörelgeler bilen baglanyşýan doganlyk halklaryň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygyny bellemek gerek. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda guralýan bu gezekki medeni çäre iki halky has-da ýakynlaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädimdir.
Medeniýet günleriniň baý maksatnamasy köpdürli çäreleri öz içine alýar hem-de gazak halkynyň medeniýetiniň, sungatynyň gazananlary we geljekki meýilleri barada giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik berýär. Dostlukly ýurduň wekiliýetiniň düzümine medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, belli halk aýdymçylarydyr sazandalar, häzirki zaman estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, tans toparlary, teatr sungatynyň işgärleri girýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda Kurmangazy adyndaky Gazak halk saz gurallary milli orkestriniň konserti tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Şeýle hem sahnada dünýäniň nusgawy kompozitorlarynyň simfoniýalary, kantatalary, folklor äheňleri ýerine ýetirildi. «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde Roza Baglanowa adyndaky Döwlet akademiki konsert guramasynyň aýdym-saz toparynyň çykyşy boldy. Tomaşaçylar zehinli artistleriň ussatlygyny şowhunly el çarpyşmalar bilen alkyşladylar. Kino sungatyna sarpa goýýanlar «Aşgabat» kinoteatrynda gazak kinematograflarynyň «Beýik ýaýlanyň säheri», «Paralimpiýaçy» atly kino filmleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
9-njy oktýabrda aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy mynasybetli geçiriljek Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki uly konsertine tomaşa edip bilerler. Medeni çäräniň maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlar paýtagtymyzyň muzeýleriniň gymmatlyklary hem-de beýleki ajaýyp ýerleri bilen tanşarlar.
Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň çäklerinde guralýan çäreler türkmenistanlylary dostlukly halkyň köpöwüşginli baý medeniýeti bilen tanyşdyryp, halklarymyzyň taryhy we ruhy taýdan aýrylmaz baglanyşyklydygyny, olaryň mundan beýläk-de özara düşünişmegi pugtalandyrmagy ugur edinýändiklerini nobatdaky gezek açyp görkezýär.