Dünýä futbolynyň super ýyldyzlaryndan argentinaly Lionel Messi ýaşyl meýdançalaryň daşyndan hem girdeji gazanmagyny dowam edýär. Messiniň adyny göterýän täze parfýumeriýa mälim edildi. “Leo Messi Eau De Parfum” atly bu hoşboý ysly atyrlar satuwa çykarylyp başlandy. Bu barada super ýyldyz: – Ilkinji parfýumlarymyň önümçilige goýberilip başlandygy meni diýseň begendirýär. Ony dünýäniň öňdebaryjy parfýumeriýa dükanlaryndan, lomaý söwda nokatlaryndan alyp bilersiňiz. Halarsyňyz diýip umyt edýärin – diýip, dünýä çempiony belleýär.
“Leo Messi Eau De Parfum” çüýşeleriniň daşynda bolsa “Futbol ikonyndan has öňde hasaplanylýandan ylham alýan bu ys, Messiniň pespälli, ýöne güýçli şahsyýetdigini aňladýar. Bu ählimiziň içinde bar bolan ýaşryn güýçleri hem-de asuda ynamy oýarmak üçin öndürilip, köp ugurly rowaýatyny şöhlelendirýän ysyň başdangeçirmesidir. Göz bilen görülýäniň ötesindäki hekaýanyň hoşboý ysydyr.
Atyryň bahasy 105 dollara (100 ml), onuň umumy sowgatlyk görnüşi bolsa 120 dollara deňdir.