Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyny her ýylda giňden baýram etmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, şu ýylda hem bu şanly sene mynasybetli birnäçe iri çäre geçirilýär.
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary boldy.
Täze desgalaryň açylmagy hemişe döwrebaplaşdyrylyp durulýan milli saglygy goraýyş ulgamyna Türkmenistanda aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Ilatyň saglygyny, bagtyýar durmuşyny we abadançylygyny goramak Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.
Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen öňe sürlen we işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda soňky ýyllarda bu ulgamyň düzümleri giňeldilip, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalar we iň gowy dünýä tejribeleri we lukmançylyk ulgamyndaky gazananlary işjeň ornaşdyrylýar.