Şu gün paý­tag­ty­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň we ýur­du­my­za res­mi sa­par bi­len ge­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­wiň ara­syn­da ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça res­mi­na­ma­la­ryň uly top­lu­my­na gol çe­kil­di.
Döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da gol çe­ki­len res­mi­na­ma­lar:
– Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­bar­lar agent­li­gi­niň TDH bi­len «Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň Iş do­lan­dy­ryş mü­dir­li­gi­niň Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň Te­le­ra­dio­top­lu­my» PHW-de RGP ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma;
– Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Döw­let do­lan­dy­ryş aka­de­mi­ýa­sy­nyň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma;
– 2025-nji ýyl üçin söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we me­de­ni hyz­mat­daş­lyk ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Man­gis­tau ob­las­ty­nyň aki­ma­ty­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gyň Me­ýil­na­ma­sy;
– «De­ňiz söw­da flo­ty» ýa­pyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti bi­len «Ak­tau de­ňiz söw­da por­ty» paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň ara­syn­da de­ňiz ulag pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Äht­na­ma;
– «Türk­men­poç­ta» poç­ta ara­gat­na­şyk kom­pa­ni­ýa­sy bi­len «Kaz­poç­ta» paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň ara­syn­da hal­ka­ra poç­ta ug­rat­ma­la­ry­ny el­tip ber­mek bo­ýun­ça Yla­la­şyk;
– «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni bi­len «КазМунайГаз» paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Äht­na­ma;
– «Türk­men­gaz» döw­let kon­ser­ni bi­len «QazaqGaz mil­li kom­pa­ni­ýa­sy» paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň ara­syn­da gaz pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek ha­kyn­da Yla­la­şyk;
– Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Baş ar­hiw mü­dir­li­gi bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Me­de­ni­ýet we mag­lu­mat mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da ar­hiw işi ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şyk;
– Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Sy­ýa­hat­çy­lyk we sport mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da sport ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma;
– Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Sy­ýa­hat­çy­lyk we sport mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şyk;
– Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Oba ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da ösüm­lik­le­riň ka­ran­ti­ni we ösüm­lik­le­ri go­ra­mak ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şyk;
– Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ma­li­ýe ba­za­ry­ny do­lan­dyr­mak we ös­dür­mek bo­ýun­ça agent­li­gi­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma;
– Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da je­na­ýat­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mek­de hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şyk;
– Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň «Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry» agent­li­gi bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ulag mi­nistr­li­gi­niň Ra­ýat awia­si­ýa­sy ko­mi­te­ti­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma;
– Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň «Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň San­ly ösüş, in­no­wa­si­ýa­lar we ae­ro­kos­mi­ki se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da san­laş­dyr­mak we mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­sy ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma;
– Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ulag mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma;
– Ýo­lag­çy­la­ryň we ýük­le­riň hal­ka­ra aw­to­mo­bil gat­naw­la­ry ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da 1997-nji ýy­lyň 27-nji few­ra­lyn­da­ky Yla­la­şy­ga üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry gi­riz­mek ba­ra­da Tes­wir­na­ma;
– Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da ulag, lo­gis­ti­ka we üs­ta­şyr ba­bat­da stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Yla­la­şyk;
– 2025-2027-nji ýyl­lar üçin Türk­me­nis­tan bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da dost­lu­gy we köp­ta­rap­la­ýyn stra­te­gi­ki hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek bo­ýun­ça Hem­me­ta­rap­la­ýyn Mak­sat­na­ma;
– Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da ma­ýa go­ýum­la­ry öza­ra hö­wes­len­dir­mek we go­ra­mak ha­kyn­da Yla­la­şyk.
Şeý­le hem ýyg­na­nan­la­ryň el çar­pyş­ma­la­ry as­tyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow we Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew Türk­me­nis­tan bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da dost­lu­gy pug­ta­lan­dyr­mak we köp­ta­rap­ly stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­mak ha­kyn­da Jar­na­ma gol çek­di­ler.