10-njy oktvabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde gurlan «Kalbyň şypasy» atly binanyň hem-de durky täzelenen şaýoluň açylyş dabarasy boldy.

Gözel paýtagtymyzda Arçabil şaýolundan başlap, Halkara kardiologiýa merkezine barýan 1970-nji köçäniň durky doly täzelendi. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, bu köçäniň adyna germaniýaly belli kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsneriň adyny dakmak biz üçin uly hormatdyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Soňra Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäherindäki Kardiologiýa merkeziniň direktory Hans Maýsnere söz berildi. Şu günki şanly dabara meniň üçin ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Häzirki zaman hassahanalary bina edilen bu ajaýyp köçä meniň adymyň dakylmagy durmuşymda aýratyn tolgundyryjy, unudylmajak wakadyr. Türkmenistana her gezek gelenimde, ýurduň näderejede özgerýändigine, şol sanda milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilýändigine göz ýetirýärin. Muňa meniň hem şahsy goşandymyň bardygyna buýsanýaryn diýip, professor Hans Maýsner belledi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri myhman bilen bilelikde durky täzelenen şaýoluň başlanýan ýerinde ýerleşdirilen «Professor Hans Maýsner şaýoly» at ýazgysynyň örtügini dabaraly ýagdaýda açýar.