Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirilýär.
Forumyň başlanmagynyň öňüsyrasynda irden paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Şeýle hem bu dabara ýurdumyzyň Hökümetiniň agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Aşgabatda geçirilýän halkara foruma gatnaşýan myhmanlar gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda geçirilýän halkara foruma dünýä jemgyýetçiligi uly gyzyklanma bildirdi. Bu foruma gatnaşmak üçin Russiýanyň, Eýranyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Tatarystanyň, Mongoliýanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň Prezidentleri, Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy hem-de dünýäniň beýleki döwletlerinden ýokary derejeli wekiliýetler gatnaşýar.