UEFA Milletler Ligasynyň çäginde “B” Liganyň 2-nji toparçasynda geçirilen 2 duşuşykda-da ýer eýeleri 2-1 hasap bilen ýeňildiler.

“Wembley”-de oýnalan duşuşykda Angliýanyň ýygyndysy Gresiýadan garaşylmadyk ýagdaýda 2-1 hasabynda utuldy. Greklere ýeňiş getiren gollaryň 2-sini hem Wangelis Pawlidis geçirdi. Ol 49-njy we 90+4-nji minutlarda tapawutlanmagy başardy. Angliýanyň ýeke-täk goluny bolsa 87-nji minutda Jud Bellingam geçirdi. Şunlukda, Angliýanyň ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek Gresiýadan asgyn geldi. Mundan öňki özara 9 duşuşykda Angliýa 7 gezek ýeňipdi, 2 oýunda-da ýeňiş gazanan bolmandy.

Finlýandiýanyň ýygyndysy-da öz meýdançasynda Irlandiýadan 2-1 hasabynda ýeňildi. Ýer eýeleri Pohýanpalonyň 17-nji minutdaky goly bilen öňe geçse-de, irlandlar 2-nji ýarymda ýeňiş gazanmagy başardy. Britan adasynyň wekiline ýeňiş getiren gollary 57-nji minutda Skeýls bilen 88-nji minutda Bredi derwezä girizdi.