Dünýä Kubogy 2026-nyň saýlama duşuşyklarynyň çäginde Günorta Amerika zolagynda nobatdaky tapgyryň oýunlary geçirildi. Geçirilen 4 duşuşygyň 2-si deňlikde tamamlanyp, jemi 6 gol hasaba alyndy.

Sanawyň lideri Argentina myhmançylykda Wenesuela bilen duşuşdy. Ýagyş sebäpli az-owlak giç başlan duşuşykda ýeňiş gazanan bolmady. Argentinanyň ýygyndysy Messiniň hem çykyş eden oýnuň Otamendiniň 13-nji minutdaky goly bilen 1-0 öňe saýlandy. Ýöne 65-nji minutda özüniň milli topardaky 45-nji goluny geçirip, hasaby deňledi.

Ekwador bilen Paragwaýyň oýnunda hasap açylmady. Boliwiýa bolsa öz meýdançasynda garaşylmadyk ýagdaýda 2-nji basgançakda barýan Kolumbiýany Terserosyň 58-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda utdy. Boliwiýanyň ýygyndysy 4-nji ýeňşini gazanyp, 6-njy orna beýgeldi. Kolumbiýanyň ýygyndysy bolsa ilkinji gezek ýeňildi. Bu olaryň soňky 32 oýundaky 2-nji ýeňlişidir.

 

Braziliýanyň ýygyndysy bolsa myhmançylykda Çili bilen duşuşyp, ýer eýeleriniň 2-nji minutda Wargasyň goly bilen öňe geçendiklerine garamazdan, 2-1 hasabynda ýeňşini baýram etdi. 4-nji ýeňşini gazanan Braziliýanyň gollaryny her ýarymyň ahyrynda Botafogo klubunyň hüjümçileri Igor Hesus (45+1) bilen Luis Enrike (89) geçirdi. Iki futbolçy-da milli ýygyndydaky ilkinji goluny öz atlaryna ýazdyrdyp, Igor Hesus 1-nji gezek milli toparda çykyş etdi.

Şu gije Peru – Urugwaý duşuşygy bilen 9-njy tapgyr tamamlanar. 10-njy tapgyryň duşuşyklary bolsa 15-nji oktýabrda geçiriler.

Wenesuela – Argentina: 1-1, Boliwiýa – Kolumbiýa: 1-0, Ekwador – Paragwaý: 0-0, Çili – Braziliýa: 1-2, Peru – Urugwaý (şu gije).