4-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Altaý ülkesiniň Belokuriha şäherinde geçirilen “ALTAÝ-AZIÝA 2024”: “Altaý – Aziýa 2024: Ýewraziýa bilim giňişligi – täze maksatlar we öňdebaryjy tejribeler” atly VI Halkara Bilim Forumynda Aziýa uniwersitetleriniň assosiasiýasynyň VI gurultaýyna Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Bu dabaralaryň çäginde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň assosiasiýasynyň täze agzasy hökmünde resmi taýdan kabul edildi. Assosiasiýanyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hatarynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Assosiasiýanyň agzalygyna giren ilkinji ýokary okuw mekdebi bolmagy bilen gutlap, Assosiasiýanyň düzümine girendigi baradaky degişli Şahadatnamany Uniwersitetiň wekiliýetine dabaraly ýagdaýda gowşurdylar.
Çeşme: education.gov.tm