USAID-iň Hä­zir­ki za­man hü­när­le­ri ös­dür­mek tas­la­ma­sy­nyň (YDA) we Türk­me­nis­ta­nyň
Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň Te­le­ke­çi­ler mek­de­bi­niň hyz­mat­daş­ly­gy
Türk­me­nis­tan­da ýaş te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek­de baş­lan­gyç­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu baş­lan­gyç hä­zir­ki za­man işe­wür­lik dün­ýä­sin­de üs­tün­lik­li işi alyp bar­mak üçin ze­rur bo­lan ama­ly ba­şar­nyk­la­ry­ny ýaş te­le­ke­çi­le­re öw­ret­mek usul­la­ry­ny we tej­ri­be­si­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge
gö­nük­di­ri­len.
Bu hyz­mat­daş­ly­gyň çä­gin­de USAID-iň YDA tas­la­ma­sy we Te­le­ke­çi­ler mek­de­bi te­le­ke­çi­lik
bo­ýun­ça oku­wy­ny has-da döw­re­bap­laş­dyr­dy­lar. Ony in­te­rak­tiw we be­ril­ýän bi­lim­le­ri ha­ky­ky şert­ler­de ulan­ma­ga gö­nük­di­ri­len edip kä­mil­leş­dir­di­ler. Okuw me­ýil­na­ma­sy­na oku­wyň has gy­zyk­ly we ama­ly bol­ma­gy üçin tä­ze öw­re­diş usul­la­ry gi­ri­zil­di. Bu bol­sa te­le­ke­çi­lik işin­de üs­tün­lik ga­zan­mak üçin ze­rur bo­lan ba­şar­nyk­la­ry­ny, ýag­ny me­se­le çöz­mek we dö­re­di­ji­lik­li pi­kir­len­mek ýa­ly ukyp­la­ry ös­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
30-njy sent­ýabr­dan 4-nji okt­ýab­ry ara­ly­gyn­da USAID-iň YDA tas­la­ma­sy Te­le­ke­çi­ler mek­de­bi bi­len bi­le­lik­de te­le­ke­çi­lik oku­wy­nyň kä­mil­leş­di­ri­len mak­sat­na­ma­sy­nyň usu­ly­ýe­ti bo­ýun­ça tre­ning ge­çir­di. Bu tre­nin­ge Te­le­ke­çi­ler mek­de­bin­den, şol san­da mek­de­biň we­la­ýat­lar­da­ky şa­ham­ça­la­ryn­dan mu­gal­lym­lar gat­naş­dy. Tre­ning te­le­ke­çi­lik ukyp­la­ry­ny okat­ma­gyň ama­ly usul­la­ry­na, şol san­da keýs­le­re, to­par­da iş­le­mä­ge we okat­ma­gyň beý­le­ki in­te­rak­tiw gör­nüş­le­ri­ne we usul­la­ry­na gö­nük­di­ril­di. Bu mu­gal­lym­lar te­le­ke­çi­li­gi okat­ma­gyň öz tej­ri­be­le­ri­ne tä­ze usul­la­ry or­naş­dy­rar­lar.
Mak­sat­na­ma­nyň in­di­ki tap­gy­ryn­da Te­le­ke­çi­ler mek­de­bi­niň Aş­ga­bat­da­ky we we­la­ýat­lar­da­ky şa­ham­ça­la­ryn­da özü­niň te­le­ke­çi­lik ide­ýa­sy bo­lan ýaş­la­ry okat­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu bol­sa ýaş­la­ryň öz te­le­ke­çi­lik tas­la­ma­la­ry­ny ös­dür­me­gi­ne we kä­mil­leş­dir­me­gi­ne müm­kin­çi­lik dö­re­der.
Mak­sat­na­ma USAID-iň YDA tas­la­ma­sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler
bir­leş­me­si­niň Te­le­ke­çi­ler mek­de­bi bi­len bi­le­lik­de gur­na­jak te­le­ke­çi­lik tas­la­ma­la­ry­nyň bäs­le­şi­gi bi­len jem­le­ner. Bäs­le­şik­de gat­na­şy­jy­lar okuw döw­rün­de öz­le­ri­niň taý­ýar­lan biz­nes-tas­la­ma­la­ry bi­len çy­kyş eder­ler. Ne­ti­je­de, iň go­wy biz­nes-ide­ýa­lar ýü­ze çy­ka­ry­lar. Bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ne öz ide­ýa­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin ha­ly­pa kö­me­gi­ni, ma­ýa we beý­le­ki gol­daw­la­ry al­mak müm­kin­çi­lik­le­ri ber­ler.
Bu baş­lan­gyç ýaş­la­ryň te­le­ke­çi­lik ba­şar­nyk­la­ry­ny ös­dür­mek­de mö­hüm ädim bo­lup ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne äh­mi­ýet­li go­şant go­şup bil­jek ýaş te­le­ke­çi­le­ri taý­ýar­la­ma­ga iter­gi be­rer.