14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Il­ki bi­len we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri se­bit­ler­de möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da pag­ta ýy­gy­my­nyň dep­gi­ni­ni güýç­len­dir­mek, pag­ta ha­sy­ly­ny ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak bo­ýun­ça ze­rur iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýy­gym möw­sü­min­de oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry, ka­bul ediş har­man­ha­na­la­ry, pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­lar ne­ti­je­li iş­le­dil­ýär. We­la­ýat­lar­da bug­daý eki­şi ag­ro­teh­ni­ki möh­let­ler­de do­wam edip, ekiş ge­çi­ri­len meý­dan­lar­da en­di­gan gö­ge­riş alyn­ýar. Bu ugur­da oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry we gu­ral­la­ry do­ly güý­jün­de iş­le­dil­ýär. Ekiş ge­çi­ri­len meý­dan­lar­da gö­ge­riş su­wy tu­tul­ýar. Se­bit­le­riň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da güýz­lük ýe­ral­ma, gök-bak­ja, beý­le­ki azyk­lyk ekin­le­re ideg et­mek, ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly ýyg­nap al­mak iş­le­ri ut­ga­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýar. Mal­dar­çy­lyk ho­ja­lyk­la­ryn­da gyş pas­ly üçin ot-iým­le­ri taý­ýar­la­mak, mal­la­ryň gyş­la­dyl­jak ýer­le­ri­ni abat­la­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. Şeý­le hem hä­kim­ler Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, şu ýyl we­la­ýat­lar­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ri­len me­de­ni-dur­muş, önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­lar­da­ky gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­bat­la­ry diň­läp, pag­ta ha­sy­ly­ny ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak, bug­daý eki­şi­ni ag­ro­teh­ni­ki möh­let­ler­de ge­çir­mek üçin äh­li ze­rur çä­re­le­riň gö­rül­me­li­di­gi­ni bel­le­di we bu ba­bat­da hä­kim­le­re anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Şeý­le-de, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, şu ýyl we­la­ýat­lar­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýan des­ga­lar­da­ky gur­lu­şyk iş­le­ri­niň öz wag­tyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry T.Ata­hal­ly­ýew ýur­du­myz­da do­wam ed­ýän möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da Di­ýa­ry­myz­da ýe­tiş­di­ri­len pag­ta ha­sy­ly­ny gys­ga wagt­da ýyg­nap al­mak, ýyg­na­lan ha­sy­ly ka­bul ediş kär­ha­na­la­ryn­da, pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­lar­da bök­denç­siz ka­bul et­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Möw­süm­de ula­nyl­ýan oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry ne­ti­je­li iş­le­dil­ýär. We­la­ýat­lar­da bug­daý eki­şi­ni bel­le­nen ag­ro­teh­ni­ki möh­let­ler­de we ta­la­ba­la­ýyk ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, ekiş­de ula­nyl­ýan oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň do­ly güý­jün­de iş­le­dil­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Ekiş ge­çi­ri­len meý­dan­lar­da gö­ge­riş su­wy tu­tul­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ila­ty ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän oba ho­ja­lyk önüm­le­ri bi­len bo­le­lin üp­jün et­mek ba­ra­da­ky tab­şy­ryk­la­ryn­dan ugur al­nyp, se­bit­ler­de güýz­lük ýe­ral­ma­nyň, gök-bak­ja ekin­le­ri­niň, mi­we­le­riň ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly­ny ýyg­nap al­mak bo­ýun­ça iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Da­şo­guz, Le­bap we­la­ýat­la­ryn­da şa­ly ora­gy do­wam edip, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da gant şu­gun­dy­ry­nyň ha­sy­ly­ny ýyg­nap al­ma­ga taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Ýur­du­my­zyň mal­dar­çy­lyk ho­ja­lyk­la­ryn­da gyş pas­ly­na taý­ýar­lyk gör­me­giň çäk­le­rin­de äti­ýaç­lyk ot-iým­le­ri taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ril­me­gi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy wi­se-prem­ýe­re tab­şyr­dy.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iş mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da jo­gap­kär­li möw­sü­miň – pag­ta ýy­gy­my möw­sü­mi­niň do­wam ed­ýän­di­gi­ne ün­si çek­di we ýy­gy­myň dep­gi­ni­ni güýç­len­dir­me­gi, ha­sy­ly gys­ga wagt­da, ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak üçin äh­li ze­rur iş­le­ri ge­çir­me­gi, ýy­gym­da kom­baýn­la­ryň we teh­ni­ka­la­ryň, pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­la­ryň, ka­bul ediş har­man­ha­na­la­ry­nyň do­ly güý­jün­de iş­le­dil­me­gi­ni ga­zan­ma­gy tab­şyr­dy. Bu iş­le­riň öz wag­tyn­da, ýo­ka­ry hil­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi köp zäh­met siň­di­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly za­ýa­syz ýyg­nap al­ma­gy, pu­dak­da öz­gert­me­le­ri üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ma­gy üp­jün eder.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bug­daý eki­şi­niň hem do­wam ed­ýän­di­gi­ne ün­si çe­kip, bug­da­ýyň bol ha­sy­ly­ny al­ma­gyň, şeý­le­lik­de, ýur­du­my­zyň azyk howp­suz­ly­gy­ny ber­kit­me­giň, hal­ky­my­zyň sa­ça­gy­nyň be­re­ke­di­ni art­dyr­ma­gyň ekiş möw­sü­mi­niň öz wag­tyn­da, ýo­ka­ry hil­li ge­çi­ril­me­gi­ne köp de­re­je­de bag­ly­dy­gy­ny bel­le­di we gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly üçin we­la­ýat­lar­da bug­daý eki­şi­niň ag­ro­teh­ni­ki möh­let­ler­de al­nyp ba­ryl­ma­gy­na berk gö­zeg­çi­lik et­me­gi, ekiş­de ula­nyl­ýan teh­ni­ka­la­ryň ne­ti­je­li iş­le­dil­me­gi­ni üp­jün et­me­gi, bug­da­ýa tagt we gö­ge­riş su­wu­ny wag­tyn­da tut­ma­gy tab­şyr­dy. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, döw­let Baştutanymyz we­la­ýat­lar­da güýz­lük ýe­ral­ma­ny, gök we beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ni ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak üçin hem äh­li ze­rur iş­le­ri ge­çir­me­gi, bu önüm­ler bi­len içer­ki ba­zar­la­ry­my­zyň do­ly üp­jün edi­li­şi­ni aý­ra­tyn gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy. Hormatly Prezidentimiz gyş pas­ly­nyň go­laý­lap gel­ýän­di­gi­ni bel­läp, mal­dar­çy­lyk ho­ja­lyk­la­ryn­da ze­rur möç­ber­de ot-iým taý­ýar­la­mak hem-de mal­la­ryň gyş­la­dyl­jak ýer­le­ri­ni abat­la­mak iş­le­ri­niň öz wag­tyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.