Ýurdumyz dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürip, sebit hem-de alysdaky ýurtlar bilen energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy pudaklarynda işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Bu netijeli hyzmatdaşlygyň netijesinde ýurdumyzda geçirilýän halkara forumlaryň sany yzygiderli artýar. Şol bir wagtda däbe öwrülen hem-de halkara ykdysady giňişlikde möhüm orun alan forumlar hem bar. Şolaryň biri hem «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahat we sergidir.
Yzygiderli guralyp gelýän bu halkara forum ýurdumyzyň iri döwlet edaralary – «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guralýar. Üstümizdäki ýylda 29-njy gezek geçirilýän halkara foruma 40-dan gowrak döwletden maliýe institutlarynyň hünärmenleriniň, bu ulgamda işleýän kompaniýalaryň bilermenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen forum utgaşykly görnüşde geçirilip, oňa sanly ulgam arkaly dünýäniň onlarça döwletinden wekiller gatnaşarlar.
23-25-nji oktýabrda geçiriljek maslahatyň we serginiň maksady, energetika pudagynda mundan beýläk-de durnukly ösüş baradaky gepleşikleri pugtalandyrmak, dünýä energiýa ulgamynyň soňky ugurlaryny gözden geçirmek we ýurdumyzyň nebit-gaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybaratdyr.
Ýurdumyzda tebigy gazyň eksporty bilen bir hatarda, gaýtadan işlenilmegine hem aýratyn üns berilýär. Soňky ýyllarda birnäçe gaz himiki toplumlary işe girizildi we ýakyn wagtda dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän ýokary bahaly önümleri öndürmek üçin ýene birnäçesini gurmak meýilleşdirilýär. Hazar deňziniň kenarynda we ýurdumyzyň günbataryndaky gury ýerlerde nebitgazly ýataklar işjeň ösdürilýär.
Bu halkara forum ýurdumyzyň hem-de dünýäniň energetika bazarynyň häzirki ýagdaýyna syn bermek hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda netijeli meýdança öwrüler.
Rahym GULYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.