Dünýä belli ykdysady žurnaly “Forbes” iň köp gazanç eden futbolçylaryň sanawyny mälim etdu. Sanawyň başyny çekýän Ronaldonyň ep-esli öňde barýar. Portugaliýaly super ýyldyz ýyllyk 285 million dollarlyk gazanjy bilen 2-nji ýerdäki Lionel Messiden ep-esli öňe saýlanýar. Ronaldonyň gazanjynyň 65 million dollary meýdançanyň daşyndaky işlerine degişlidir.

Sanawda 2-nji orunda Lionel Messi bolup, onuň ýyllyk gazanjy 135 million dollara deňdir. Onuň 60 milliony futboldan bolsa, galan 75 million onuň beýleki işlerinden (mahabat, söwda). 3-nji orunda braziliýaly Neýmaryň ady bolup, onuň 110 million dollarlyk gazanjy bar (80+30).

1- Kristiano Ronaldo – 285 million dollar (220+65)

2- Lionel Messi – 135 million dollar (60+75)

3- Neýmar –110 million dollar (80+30)

4- Karim Benzema – 104 million dollar (100+4)

5- Kilian Mbappe – 90 million dollar (70+20)

6- Erling Holann – 60 million dollar (46+14)

7- Winisius Junior – 55 million dollar (40+15)

8- Mohamed Salah – 53 million dollar (35+18)

9- Sadio Mane –  52 million dollar (48+4)

10- Kewin De Bruýne – 39 million dollar (35+4)