Adamlar diňe ýaramaz ys alanda, burç ysganda, sowuk howada, sergin şemal öwsende däl, kähalatda salkyn jaýdan ýyly ýere çykanda hem asgyrýarlar. Garaňky jaýdan ýagty ýere çykylanda hem asgyrylýan wagty bolýar. Adatça, asgyrmak adamda biygtyýar ýagdaýda bolup geçýär. Asgyrmak burundaky damarlaryň gyjynmagy netijesinde ýüze çykýar. Asgyrmazdan ozal burundaky damarlar beýnä habar ýollaýar. Şonuň netijesinde beýnimiz kelledäki we boýundaky ses damarlaryny birden dartýar. Soňra bolsa içimizden batly howa gelip asgyrýarys. Şeýle ýagdaýda burundaky tozan bölejikleri we mikroblar hem daşary çykýar. Şol sebäpli asgyran wagtymyz elýaglyk bilen agzymyzy ýapmagy unutmaly däldiris. Ýöne agzymyzy doly ýapyp asgyrmak hem saglyk üçin zyýanlydyr. Içimizden gelýän howany dolulygyna daşary çykarmaly.
Alymlar ýagtylyga ýa-da yssy ýere çykylanda asgyrmagyň göz bilen baglydygyny belleýärler. Adamyň gözüniň bäbenegi ýagty ýere çykanda kiçelýär. Bu ýagdaýda göze iň ýakyn bolan burundaky damarlar gyjynýar we adam asgyryp goýberýär. Geçirilen barlaglarda adamlaryň 15-25 göteriminiň Güne çykanda yzly-yzyna 4-5 gezek asgyrýandygy ýüze çykarylypdyr.
Alymlar asgyrmagyň hiç hili zyýanynyň ýokdugyny belleýärler. Howadaky haýsydyr bir tozan bölejigi, derlän wagtyň salkyn şemalyň çalmagy ýa-da sowuk howa hem asgyrmaga sebäp bolýar. Şeýle hem alymlar asgyran wagtyň gözüň ýumulýandygyny, ony açyk tutmagyň mümkin däldigini belleýärler. Köp adam asgyrylan wagty ýüregiň örän gysga wagtlyk durýandygyna ynanýar. Emma munuň dogry däldigi bellenilýär. Adam asgyran wagty burnundan çykýan damjalar sagatda 160 kilometr tizlik bilen hereket edýär.