Eger-de meseläni çözüp bolýan bolsa, bu barada alada etmegiň zerurlygy ýok, eger-de çözüp bolmaýan bolsa, alada etmegiň peýdasy ýok.
Tibet nakyly.
Aslynda durmuş ýönekeý, ýöne biz ony çylşyrymlaşdyrýarys.
Konfusiý.
Üstünlikli adam bolmaga tagalla etmäň, gymmatly adam bolmaga çalşyň!
Albert Eýnşteýn.
Diňe özüňiziň başarjakdygyňyza ynanmaly, şonda maksadyňyzyň deň ýarysyna ýetdigiňizdir.
Teodor Ruzwelt.
Emele gelen ýagdaýy üýtgedip bilmedik wagtymyz özümizi üýtgetmeli.
Wiktor Frankl.
Siziň öz maksatlaryňyza ýetip, näme gazanýanyňyz onçakly wajyp däl-de, kim bolup ýetişýänligiňiz möhüm.
Zir Ziglar.
Siz ýeňiş gazanmak üçin bir gezekden köp tutluşmaly däl bolmagyňyz hem mümkin.
Margaret Tetçer.
Diňe bilmek ýeterlik däl, bilimleri ulanmaly. Bir zady islemek ýeterlik däl, muny ýerine ýetirmeli.
Leonardo da Winçi.
Bize zehiniň ýöne ýere berilmeýändigine ynanmaly we islendik baha bilen ony bir zat üçin ulanmaly.
Mari Kýuri.
Şowsuzlyk, täzeden başlamak üçin bir mümkinçilik, ýöne has akylly-başly.
Genri Ford.
Wagtym ýok diýmäň. Beýik adamlarda näçeräk wagt bolan bolsa, sizde-de şonça wagt bar.
Jekson Braun.
Şowly adam, şowsuzlaryň ýerine ýetirmek islemeýän endiklerini ösdürýär.
Tomas Edison.
Düýnki güni gaýtaryp getirmek bize berilmändir, ýöne ertirki boljak zatlar özümize bagly.
Lindon Jonson.
Ahli arzuwlarymyz hasyl bolup biler, eger olara ýetmäge batyrlygymyz bar bolsa.
Walt Disneý.