Iňlis ýazyjysy Joan Rouling Harri Potter älemi boýunça iki sany täze kitaby neşir etdirjekdigini habar berdi. Bu neşirler «Bloomsbury» neşirýaty tarapyndan 2027-nji ýylyň 23-nji fewralynda okyjylara ýetiriler.

Täze kitaplar professor Minerwa Makgonagall hem-de ekizler Fred we Jorj Wizli ýaly aýratyn gahrymanlara bagyşlanar. Olar okyjylary jadyly dünýäniň şahsyýetleri bilen ýakyndan tanyşdyrýan «Pocket Potters» kitapça tapgyrynyň dowamy bolar.

Her jiltde degişli gahrymanlar baradaky sitatalar, salgylanmalar we wajyp maglumatlar jemlenýär. Bu kitaplar ilki bilen çagalara niýetlenen hem bolsa, olaryň «Harri Potter» äleminiň uly ýaşly muşdaklary üçin hem uly gyzyklanma döretjekdigi bellenilýär.

Ýazyjy Joan Rouling mundan ozal hem ussatlyk bilen döredilen Harri, Ron, Germiona, Luna Lawgud we professor Dambldor ýaly gahrymanlar barada söhbet açýan ýygyndylary okyjylar köpçüligine hödürläpdi.

Mundan başga-da, dekabr aýynyň ahyrynda, katoliki Roždestwo baýramy mynasybetli «Harri Potter» boýunça HBO tarapyndan düşürilen adybir täze serialyň ekranlara çykmagyna garaşylýar. Bu taslamada baş keşpleri Dominik Maklaflin (Harri Potter), Alaster Staut (Ron Wizli) we Arabella Stenton (Germiona Greýnjer) ýerine ýetirdiler.