Wasiliý Şukşin, rus ýazyjysy.
(Hekaýa)
Günler ak ataşyň çoguna gyzýardy. Toprak gor ýalydy, baglaram şeýledi. Gurap galan otlar aýak astynda şygyrdaşýardy. Howa diňe agşamlaryna salkynlaýar. Şol wagt hem joşup akýan Katuni derýasynyň kenaryna bir goja çykýar. Ol hemişe şol bir ýerde – ýary suwa batyp duran agajyň üstünde oturyp, Güne seredýärdi. Daglaryň aňyrsynda gizlenýän Gün ikindi çaglary juda äpet bolup, al öwüsýärdi. Goja gozganman otyrdy. Dyzynyň üstüne goýan guraksy elleri Güne ýanmakdan ýaňa goňralypdy, gasynlar ony has-da eýmenç gözkezýärdi. Gojanyň ýüzem ýygyrtdan doludy, öçügsi gözleri bolsa çygjaryp durdy. Boýny inçedi, saçlary ap-akdy. Gök çit köýneginiň astyndan kebzesi somalyp çykyp durdy.
Goja bir gün gol gowşuryp otyrka, arka tarapdan bir ses eşitdi:
– Salam, atam!
Goja baş atdy.
Eli ýukajyk çemedanly gyz onuň ýanynda oturdy.
– Dynç alýaňyzmy?
Goja ýene-de baş atdy. Soňam:
– Dynç alýan – diýdi.
Emma gyz tarapa gabagynam galdyrmady.
– Sizi çeksem bormy? – diýip gyz sorady.
Goja bu söze düşünmän:
– Nädip? – diýip, sorady.
– Siziň suratyňyzy çekäýsem diýýän.
Goja biraz dymdy. Kirpiksiz gyzylymtyl gabagyny gyrpyldadyp Güne seretdi. Ol:
– Mende görk-görmek galmady ahyry – diýdi.
– Näme üçin? – diýip, gyz biraz aljyrady. – Siz görmegeý ahyry, atam.
– Üstesine-de syrkaw diýsene.
Gyz gojany uzak wagt synlady. Soňra onuň guraksy goňrumtyl elini ýumşajyk aýasyna alyp sypalady-da:
– Siz juda görmegeý, atam. Bu hakykatdanam şeýle.
Goja ysgynsyz gülümsiredi:
– Onuň ýaly bolsa çekäý.
Gyz çemedanyny açdy.
Goja aýasyny agzyna tutup üsgürdi. Ol:
– Şäherden gelensiň, şeýlemi? – diýip sorady.
– Şäherden.
– Diýmek, munuň üçin töleýändirler?
– Aslynda-ha, her wagt birhili. Oňat edip çeksem, tölärler.
– Yhlas etmek gerek.
– Men elimden gelenini ederin.
Dymdylar.
Goja henizem Güne seredip otyrdy.
Gyz onuň ýüzüne keseden syn edip surat çekýärdi.
– Siz şu ýerlimi, atam?
– Şu ýerli.
– Şu ýerde hem doguldyňyzmy?
– Şu ýerde, gyzym, şu ýerde.
– Häzir siz näçe ýaşyňyzda?
– Ýaşymmy? Segsen.
– Oho!
– Köp – diýip, goja ylalaşdy, ýöne ýene-de gülümsiredi. – A seňki?
– Ýigrimi bäş.
Ýene dymdylar.
– Güne seret, nähili ajaýyp! – diýip, goja ýuwaşja seslendi.
– Nähili? – diýip, gyz düşünmedi.
– Uly.
– A-a… Hawa. Aslynda, bu ýerler diýseň owadan.
– O suwa seret, gör nähili… o kenaryňky hem…
– Hawa, hawa.
– Göýä reňk goşulan ýaly.
– Howa – diýip, gyz beýleki kenara seretdi-de ýene-de – Howa – diýdi.
Gün Altaýyň gerşine galtaşansoň, assa-assadan alysdaky gök giňişlige siňip ugrady. Ol çuňluga siňdigiçe, daglar has aýyl-saýyl göründi. Olar ýerinden süýşýän ýalydylar. Derýa bilen dag aralykdaky jülgede al reňkli alagaraňkylyk öçügsilenýärdi. Daglardan agrasdan ýakymly saýa ýakynlaşdy. Soňra Gün Buburhanyň ýiti örküjiniň aňyrsynda gözden ýitdi. Şobada hem solgun şöhleler peýda bolup, olar mawy asmanyň ýüzünde ýelpewaç şekilini emele getirdiler. Bu pursat uzak saklanman, duýdansyz zym-zyýat boldy. Asmanyň aňry ýüzünde bolsa şapak gyzaryp başlady.
– Günem batdy – diýip, goja uludan dem aldy.
Gyz kagyz sahypalaryny ýaşige ýerleşdirýärdi.
Biraz wagt gol gowşuryp oturdylar – kiçijik tolkunlaryň gyssanmaç kenara gelip urşuny synladylar.
Jülgä topbak-topbak goýy ümür süýşüp gelýärdi. Uzak bolmadyk ýerdäki tokaýda gijelerine uçýan haýsydyr bir guş duýdansyz zaryn jürküldedi. Oňa aňyrky kenardan uly gowur bilen seslendiler.
– Bolýa – diýip, goja pessaýja seslendi.
Gyz bolsa alysdaky mähriban şähere dolanyp baran mahaly kän surat eltjekdigi hakynda oýlandy. Olaryň arasynda şu gojanyň hem portreti bolar.
Zehinli, hakyky suratkeş dosty oňa, elbetde, igener: «Ýene ýygyrt bar!.. Näme üçin? Sibirde ýowuz howa şertleriniň bardygy hemmelere mälim hakykat. Adamlar ol ýerde kän işleýärler. A soň näme? Näme?..»
Gyz özüniň entek gögeledigini bilýärdi. Ýöne bu gojanyň nähili agyr günleri başdan geçirendigi hakynda oýlanýardy. «Onuň ellerine seret… Ýene-de ýygyrtlar! «Işlemek, işlemek, işlemek gerek…».
– Atam, siz ertirem şu ýere gelýäňizmi? – diýip, gyz gojadan sorady.
Ol: – Gelerin – diýip seslendi.
Gyz ýerinden turup oba ýöneldi. Biraz oturansoň goja hem gaýtmak bilen boldy.
Goja öýüne gelip öz künjünde, pejiň gapdalyndaky ýerde ornaşdy. Oglunyň işden gelerine, bilelikde agşamlyk edinmegine garaşdy. Ogly öýe mydama ýadaw, keýpsiz gelerdi. Gelni hem hemişe bir zatdan närazy ýaly görünýärdi. Agtyklary ýetişensoň şähere gitdiler. Olarsyz öý tukatlykdy. Üýşüp agşamlyk edindiler.
Goja süýde çörek dograp berdiler. Ol stoluň gyrasynda oturyp, çörek dogralan süýdi çemçeläp içdi. Çemçäni şakyrdatmazlyk üçin süýtli gaba elini seresaplylyk bilen uzadýardy. Hemmeler dymýardylar.
Soňra ýatmaga başladylar. Goja pejiň üstüne çykdy, ogly bilen gelni bolsa içki jaýa gitdiler. Dymyşlyk. Näme hakda gürrüň etjek? Hemme sözler bireýýäm aýdylan.
Ýene bir gün goja bilen gyz ikindi çaglary kenardaky ýary derýa batyp duran agaç böleginiň üstünde otyrdylar. Gyz gyssanmaçlyk bilen surat çekýärdi, goja bolsa Güne seredip gürrüň berýärdi:
– Näşükür bolar ýaly däl, biz mydama gowy ýaşaýardyk. Men agaç ussasydym, iş mydama tapylyp durýardy. Ogullarymam agaç ussalary. Olaryň dördüsini elimden uruş aldy. Ikisi sag-salamat galdy. Olaryň biri, ýagny Stepan bilen bir ýerde ýaşaýarys. Wanka bolsa şäherde – Biýskde ýaşaýar. Täze jaýlaryň gurluşygynda prorab bolup işleýär. Hat ýazýar: hiç neneň däl, gowy ýaşaýarys diýýär. Bu ýere myhmançylyga gelýärler. Agtyklarym kän, özlerem meni gowy görýärler. Indi hemmesi şähere siňdi…
Gyz gojanyň eliniň suratyny çekýärdi, gyssanýardy, darykýardy, çekenlerini tiz-tizden pozýardy. Gyz gepiň gerdişine görä sorag berdi:
– Ýaşamak kyndymy?
– Näme üçin kyndy? – diýip, goja geňirgendi. – Aýdyp otyryn-a saňa gowy ýaşaýardyk diýip.
– Ogullaryňa nebsiň agyrýarmy?
Goja ýene geňirgendi:
– Dagy näme? Dört ogluňy ýitirmek aňsat zat däl?
Gyz düşünmeýärdi: birden-ä goja haýpy gelýärdi, birdenem onuň täsin rahatlygyna we asudalygyna geň galýardy. Gün ýene-de daglaryň aňyrsynda gizlendi. Şöhleler pessaýja lowurdaşýardylar.
Goja:
– Ertir bulutly howa bolar – diýdi.
Gyz asuda asmana garap:
– Näme üçin? – diýdi.
– Endam-janym soka salnan ýaly.
– Asman diýseň tämiz.
Goja jogap bermedi.
– Atam, siz ertir gelersiňizmi?
– Bilmedim – diýen goja birbada seslenmedi. – Bilmedim welin endam-janym kül-owram bolup agyrýar.
– Atam, sizde şu daş nähili atlandyrylýar? – Gyz örmesiniň jübüsinden altyn öwsüp duran ak reňkli daşjagazy çykardy.
Goja:
– Haýsy? – diýip, sorady-da daga seretmegini dowam etdi.
Gyz daşy oňa uzatdy. Goja gyz tarapa öwrülmedem. Ol aýasyny daşa goýup:
– Şu daşmy? – diýip sorady-da, çalaja nazaryny aýlap, ony guraksy we bükülen barmaklary bilen eýlesine-beýlesine öwürdi.
– Çakmak daşy bu. Uruş ýyllary otluçöp tapylmasa, ondan ot alýardylar.
Şu pursat gyzyň göwnüne güman gitdi: birdenem onda goja batyldyr diýen pikir döredi.
Gyz birbada aýtmaga söz tapmady. Gojany kesesinden synlap dymdy oturdy. Ol bolsa uzaklara – Günüň batýan ýerine seredýärdi. Ynjalykly, oýa batyp seredýärdi.
Gyz birbada näme hakda gürrüň etjegini bilmän, dymdy, garra gapdalyndan seredip duruberdi. Ol bolsa Günüň ýaşýan tarapyna seredýärdi. Ol asuda we oýlanyşykly seredýärdi.
– Al… daşjagazy – diýip özem gyza daşy uzatdy.
– Onuň başga görnüşleri hem bar. Tutuşlygyna ak reňkli lowurdap duranlary, içi bolsa nähilidir bir tegmiljikli daşlaram bolýar. Ýumurtgadan tapawutlandyryp bolmaýanlary-da, garganyň ýumurtgasy ýaly meneklijeleri-de, garasaryň ýumurtgasy dek gökje, özem ala-mulaja daşlaram gabat geläýýär.
Gyz henizem goja seredip otyrdy. Onuň batyldygyny soramaga bolsa milt edip bilmeýärdi.
– Atam, siz nirede ýaşaýarsyňyz?
– Şu ýerde, gaty uzakda däl.
Goja kenardaky jaýy görkezip:
– Bu Iwan Kolokolnikowyň öýi, ondan aňyrda Bedarewler, soňra Wolokitinler, soňra Zinowýewler, ondan aňyrdaky öwrümde hem biziňki. Eger bir zat gerek bolsa baryber. Agtyklarym barka, öýümiz alaýaz bolýardy – diýdi.
– Sag bol.
– Men ýöredim. Endam-janym kül-owram bolup barýar.
Goja ýerinden turup, ýodajyk bilen ýokary galyp ugrady.
Gyz ol tä öwrümden öwrülýänçä yzyndan garap durdy. Goja büdremedem, hiç ýerde kürtdürmedem.
Ol haýalja ýöräp, aýagynyň aşagyna seredip gitdi. «Ýok, ol batyl däl, ýöne gözleri çöňňelipdir» diýip, gyz öz ýanyndan pikir öwürdi.
Ertesi gün goja kenara gelmedi. Gyz ýeke özi oturyp, goja hakynda oýlandy.
Onuň durmuşynda nähilidir bir şeýle sada, şeýle adaty, şol bir wagtda-da aňsat bolmadyk, şeýle bir uly, möhüm waka bolan bolmaly. «Günem şol dogup, ýaşyp dur» diýip gyz oýlandy. Ol çeken suratlaryny üns berip synlady. Özi bolsa gama batdy.
Goja üçünji günem, dördünji günem gelmedi.
Gyz onuň öýüni gözläp başlady. Tapdy.
Demir üçekli, bäşdiwarly uly tamyň haýatynyň çüňkündäki bassyrmanyň aşagynda elli ýaşlaryndaky uzyn boýly erkek kişi durdy. Ol ussanyň iş stolunyň üstünde sosna tagtasyny timarlaýardy. Gyz:
– Salam – diýdi.
Erkek kişi dikelip gyza seretdi, başam barmagy bilen derjigen maňlaýyny elläp, baş atdy:
– Amanlykmy?
– Aýtsaňyzlaň, goja kişi şu ýerde ýaşaýarmy?…
Erkek kişi oňa geň galmakdan ýaňa dikanlap seretdi. Gyz dymdy.
– Ýaşady – diýip erkek kişi jogap berdi. – Ine, oňa tabyt ýasaýaryn.
Gyz çalaja pyşyrdady:
– Ol ýogaldymy, şeýlemi?
– Kazasy doldy. – Erkek kişi ýene-de tagta egildi, ýongujyny taýly gezek şarkyldatdy-da, gyza sowal berdi: – O saňa nämä gerekdi?
– Şeýle… men onuň suratyny çekýärdim.
– Hää – diýip, erkek kişi ýongujyny batly işledip başlady.
Ara düşen dymyşlykdan soňra gyz:
– Aýtsaňyzlaň, ol batyldymy? – diýip sorady.
– Batyldy.
– Köpden bärimi?
– On ýyl dagy bolandyr? Ýeri näme?
– Aý, ýöne soraýdym…
Gyz howludan çykyp ýola düşdi, köçede örme aýmança ýaplandy-da aglap başlady. Onuň goja haýpy gelýärdi. Has beterem onuň suratyny tamamlap ýetişmändigine gynanýardy. Ýöne ol häzir ynsan ömrüniň we edermenliginiň has çuňňur manysynyň hem-de syrynyň bardygyny duýýardy. Şonuň üçinem özi-de bilmezden öňküsinden has ulalypdy.
Rus dilinden terjime eden
Hojaberdi Apbaýew.
PDF








