2024-nji ýylyň 7-12-nji oktýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleriniň Assosiasiýasynyň we ylmy-barlag merkezleriniň VII Uniwersiadasy geçirildi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan 2 talyp we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden 2 talyp, şu ýylyň 6-13-nji oktýabry aralygynda saparda bolup, sport ýaryşyna gatnaşdylar.

Geçirilen ýaryşyň netijesinde, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň Himiýa tehnologiýasy (senagat pudagynda) taýýarlygyň ugrunyň 3-nji ýyl talyby Alsu Habibulina Sportuň ýeňil atletika (ylgamak) görnüşi boýunça 100 m aralykda 2-nji ýer, 200 m aralykda 2-nji ýer, uzynlygyna bökmek görnüşinde 3-nji orna mynasyp boldy.

Küşt görnüşinden geçirilen ýaryşda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň Maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy (senagat pudagynda) taýýarlygyň ugrunyň 2-nji ýyl talyby Wepaly   Halynýazow 3-nji orna mynasyp boldy.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Talyplar sport klubunyň başlygynyň w.ý.ý., tälimçi Maksat Orazow greble-indor boýunça 1-nji ýeri eýeläp, Hormat hatyna mynasyp boldy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Arslan Gaýypnazarow erkekleriň arasynda suwda erkin  ýüzmek we suwda ýüzmegiň brass görnüşlerinden (50 m) geçirilen ýaryşda 2-nji orunlara mynasyp boldy.

Küşt görnüşi boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Aýşe Gubataýewa 2-nji orna mynasyp boldy.

Amanmyrat Arazow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ylym bölüminiň başlygy.