NBA-nyň Şöhratlylar zalyna (Hall of Fame) ady goşuljak ýyldyzlar hem belli boldy. Wins Karter, Çaunsi Billaps ýaly ýyldyzlar bilen bir hatarda, NBA-nyň meşhur janköýerlerinden aktýor Jek Nikolson bilen tanymal režissýor Spaýk Liniň atlary hem ýazylar.

Topy özboluşly hereketler bilen basyp halka salmakda meşhurlyk gazanan Wins Karter NBA-da 22 ýyl çykyş etdi. Ol 8 gezek “NBA All Star”-a saýlanyp, 2000-nji ýylda topy basyp salmak bäsleşiginde ýeňiji bolupdy.

NBA-da adyny ýatdan çykmajaklaryň hataryna ýazdyran ýene bir ýyldyz basketbolçy-da Çaunsi Billaps bolup, ol “Detroit Pistons” toparynyň taryhy çempionlygyna öz saldamly goşandyny goşupdy.

Ilkinji gezek janköýerleriň atlary hem Şöhratlylar zalyna goşular. “Los Anjeles Leýkersiň” öz meýdançasynda ähli duşuşygyna diýen ýaly tomaşa edýän oskarly ussat aktýor bilen “Nýu Ýork Niks” toparynyň ölemen janköýerlerinden, tanymal režissýor Spaýk Li NBA-nyň Şöhratlylar zalyna ady goýuljak ilkinji janköýerler bolar.