Basketbol sportunyň iň esasy we iň uly guramaçylygy hasaplanýan Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-nyň täze möwsümine şu gije, has takygy daňdan, badalga berler. Täze möwsümiň ilkinji 2 duşuşygynda çempion “Boston Seltiks” öz meýdançasynda “Nýu Ýork Niksi” (04:30), şeýle-de “Los Anjeles Leýkers” öz arenasynda “Minnesota Timberwolwesi” (07:00) kabul eder.

Hemişekiler ýaly 79-njy möwsümde-de 2 konferensiýada 30 klub (hersinde 15) özara bäsleşerler. Adaty möwsümde toparlaryň hersi 84 duşuşyk geçirer we adaty möwsüm geljek ýylda aprel aýynyň 14-ne tamamlanar. Geljek ýylyň 19-njy aprelinde başlanjak pleý-off tapgyry maý-iýun aýlaryna çenli dowam eder. Iýun aýynyň başlarynda bolsa NBA-nyň final duşuşyklary geçirilip, çempion belli bolar.

Bu möwsümde-de edil geçen ýyldaky ýaly möwsümiçi ýaryş ýene-de geçiriler. “Emirates” NBA Kubogy ady bilen geçirilýän ýaryş noýabr-dekabr aýlarynda guralar.

Adaty möwsümdäki 3 duşuşyk ABŞ-nyň çäginden daşda geçiriler. 3-nji noýabrda “Maýami Hit” – “Waşington Wizards” duşuşygy Mehiko Sitide (Meksika), “San Antonio Spars” bilen “Indiana Peýsers” toparlary-da 23-nji we 25-nji ýanwarda Parižde özara 2 duşuşyk oýnarlar.

Täze möwsümde-de soňky çempion “Boston Seltiks”, ondan öňki ýylyň ýeňijisi “Denwer Naggets”, “Dallas Maweriks”, “Maýami Hit” toparlary çempionlygyň esasy dalaşgärleri hökmünde görülýär.