22-nji okt­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ra­şid Me­re­dow Türk­me­nis­tan­da­ky dip­lo­ma­tik işi­ni ta­mam­la­ýan Er­me­nis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly Il­çi­si Ru­ben Ha­raz­ýan bi­len du­şu­şyk ge­çir­di.
Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar bo­ýun­ça türk­men-er­me­ni hyz­mat­daş­ly­gy­nyň hä­zir­ki ýag­da­ýy we gel­je­gi dog­ru­syn­da gy­zyk­lan­ma bil­di­ri­lip pi­kir al­şyl­dy.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy iki­ta­rap­la­ýyn türk­men-er­me­ni gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga go­şan go­şan­dy üçin Il­çä sag­bol­sun aýt­dy we gel­jek­ki iş­le­rin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Öz ge­ze­gin­de Il­çi Türk­me­nis­tan­da dip­lo­ma­tik we­zi­pe­si­ni dur­mu­şa ge­çir­mek­de be­ri­len hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw we ýar­dam üçin türk­men ta­ra­py­na tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di.