UEFA Çempiona Ligasynyň çäginde çarşenbe gününde geçirilen duşuşyklaryň arasynda başga bir ispan hem-de nemes klublarynyň – “Barselona” bilen “Bawariýanyň” arasyndaky oýun esasy üns merkezde boldy. Ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçen duşuşygyň eýýäm 1-nji minuty dolmanka Rafinýa katalonlary öňe çykardy. 18-nji minutda Harri Keýn hasaby deňlese-de, münhenlilere “Barselonany” duruzmak başartmady. 36-njy minutda Robert Lewandowski tapawutlanyp, ozalky toparyny gynandyrdy. 45-nji minutda Rafinýa ýene bir gol geçirdi. Ol oýnuň 56-njy minutynda 3-nji goluny hem öz adyna ýazdyryp, Winisiusdan soň tapgyry het-trik bilen tamamlan 2-nji braziliýaly oýunçy boldy. Rafinýa bu ýaryşda “Bawariýanyň” derwezesinden 3 gol geçiren 4-nji futbolçy hökmünde hasaba alyndy. “Barselona” “Bawariýany” 2015-nji ýyldan soň, ýa-da 6 ýeňlişden soň ilkinji gezek ýeňmegi başardy. “Bawariýa” Çempionlar ligasynyň taryhynda ilkinji gezek myhmançylykda bassyr 3 oýunda ýeňlişe sezewar boldy. “Barselona” “Bawariýany” özara 16 duşuşykda 3-nji gezek utdy.