24-nji okt­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň DIM-de Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Ah­met Gur­ba­now bi­len Er­me­nis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň ge­ňeş­çi­si Ar­ta­şes Tu­man­ýa­nyň ara­syn­da du­şu­şyk ge­çi­ril­di.
Gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da türk­men-er­me­ni hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry, hu­su­san-da söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da­ky hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça gy­zyk­lan­ma bil­di­ri­len pi­kir alyş­ma­lar bol­dy.
Ta­rap­lar Er­me­nis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Waagn Ha­ça­tur­ýa­nyň Gün­do­ga­ryň akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len «Dö­wür­le­riň we si­wi­li­za­si­ýa­la­ryň öza­ra ara­bag­la­ny­şy­gy – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň bin­ýa­dy» at­ly hal­ka­ra fo­ru­my­na gat­naş­mak üçin ýa­ňy-ýa­kyn­da Türk­me­nis­ta­na ama­la aşy­ran iş sa­pa­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy­lar.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da ta­rap­lar öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy has-da pug­ta­lan­dyr­ma­ga taý­ýar­dyk­la­ry­ny mä­lim et­di­ler.