“Real Madridiň” fransiýaly super ýyldyzy Kilian Mbappe bilen onuň öňki kluby PSŽ-niň arasyndaky maliýe meselesi babatdaky düşünişmezlik oýunçynyň peýdasyna netijelendi. Fransiýanyň Professional Futbol Ligasy (LFP) PSŽ toparyna ýyldyz oýunça 55 million ýewro bermelidigini kesgitledi.

Mälim bolşy ýaly, Mbappe ozalky klubundan tölenmedik aýlyk haklary, goşmaça tölegler sebäpli 55 million ýewro soraýardy. LFP-niň bu baradaky komiteti wakany fransuz futbolçynyň peýdasyna tamamlady.

PSŽ-niň wakany täzeden seljermek üçin Federasiýa degişli ýokary kazyýete ýüz tutmak mümkinçiligi bar. Ýöne beýleki bir tarapdanam Mbappeniň waka bilen baglanyşykly UEFA ýüz tutmak hukugynyň bardygy bellenilýär.