25-nji okt­ýabr­da ge­çi­ri­len san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Oraz­dur­dy­ýe­wa «In­no­wa­si­ýa­lar, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar we ola­ry önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­ma­gyň me­se­le­le­ri» at­ly III türk­men-hy­taý yl­my-in­no­wa­si­on fo­ru­my­ny ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy bi­len kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­lar, hu­su­san-da, yl­my-teh­no­lo­gik hyz­mat­daş­lyk yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär. Mu­nuň özi ylym ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek hem-de bu ugur­da öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Fo­ru­myň gün ter­ti­bi­ne yl­my bar­lag­la­ryň ne­ti­je­le­ri­ni önüm­çi­li­ge iş­jeň or­naş­dyr­mak, hal­ka­ra yl­my-teh­no­lo­gik hyz­mat­daş­ly­gy has-da gi­ňelt­mek bi­len bag­ly me­se­le­ler gi­ri­zi­ler. Şeý­le hem fo­rum­da na­no­teh­no­lo­gi­ýa­lar, hi­mi­ki teh­no­lo­gi­ýa­lar, tä­ze ma­te­ri­al­la­ry öw­ren­mek we ener­ge­ti­ka, bio­teh­no­lo­gi­ýa, mo­le­kul­ýar bio­lo­gi­ýa, oba ho­ja­ly­gy, eko­lo­gi­ýa we ge­ne­ti­ka, mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry, komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, hä­zir­ki za­man luk­man­çy­lyk we der­man se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­mek teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, in­no­wa­si­on yk­dy­sa­dy­ýet, yn­san­per­wer ylym­lar bo­ýun­ça türk­men-hy­taý hyz­mat­daş­ly­gy­nyň giň ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy hö­dür­le­nil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä döw­let­le­ri, şol san­da Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy bi­len yl­my-teh­ni­ki hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz «In­no­wa­si­ýa­lar, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar we ola­ry önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­ma­gyň me­se­le­le­ri» at­ly III türk­men-hy­taý yl­my-in­no­wa­si­on fo­ru­my­ny ge­çir­mek ha­kyn­da» Ka­ra­ra gol çe­kip, ony wi­se-prem­ýe­re san­ly ul­gam ar­ka­ly iber­di we bu mö­hüm çä­rä­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.