Häzirki wagtda ata Watanymyzyň bedew batly ösüşleriň mekanyna öwrülendigini uly ynam bilen aýdyp bolar. Bu taryhy döwürde hususy pudagyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda hususyýetçilere berilýän döwlet goldawy has-da çuňlaşdyrylyp, hususy telekeçilerimiziň dünýä çykmagy çaltlandyryldy. Şol sanda milli işewürlerimiziň halkara gatnaşyklaryny has-da kämilleşdirmegi, milli önümçiligimize dünýäniň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmagy üçin döredilýän mümkinçilikler has-da giňeldildi. Bu tagallalar telekeçilerimizi täze-täze başlangyçlara höweslendirip, hususy ulgamyň milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşine goşant goşýarlar. Netijede, bu gün telekeçilerimiz senagatda, oba hojalygynda, gurluşykda, söwda we hyzmatlar ulgamynda belent sepgitlere ýetdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygyny ylmy esasda toplumlaýyn ösdürmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Hususy işewürlerimiziň oba hojalygyna goşýan goşantlary günsaýyn artýar. Hususy eýeçiligiň binýadynda döredilen maldarçylyk, guşçulyk toplumlary, gök-bakja önümlerini ösdürip ýetişdirýän hojalyklar, oba hojalyk çig malyny gaýtadan işleýän önümçilikler, sowadyjylar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap ammarlar telekeçilerimiziň bu ulgamdaky ornuny görkezýän anyk subutnamalardyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ýerli çig maldan daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutup biljek, şonuň bilen bir wagtda, eksporta niýetlenen önümleri öndürmek milli senagatçylarymyzyň öňünde goýlan wajyp wezipe bolup durýar. Şu wezipäniň üstünlikli amal edilmegi ugrunda bolsa kuwwatly senagat kärhanalary yzygiderli döredilýär. Bu gün hususy senagatçylarymyzyň himiýa senagatynda amal edýän işlerine hem batly depgindäki ösüşler mahsus. Milli nyşanly kosmetika we durmuş himiýasyna degişli köp sanly arassaçylyk serişdeleri, mineral dökünleriň köp görnüşleri senagatymyzyň bu görnüşiniň ösüşine aýdyň mysaldyr. Hyzmatlar zynjyrynyň ençeme halkasyny özünde jemleýän döwrebap söwda we dynç alyş merkezleri milli telekeçilerimiziň söwda hem hyzmatlar ulgamyndaky ýeten derejesini görkezýär. Şu ýylyň mart aýynda Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrundaky «Arkaç» ýerasty awtoduralgaly söwda, medeni dynç alyş we işewürlik merkeziniň açylyp ulanylmaga berilmegi bilen, şeýle merkezleriň sany has-da artdy. Häzirki wagtda işewürlik düzümlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän bir bitewi internet toruny kemala getirmek arkaly sanly ykdysadyýete geçmek uly depgin bilen alnyp barylýar. Bu tehnologiýalar hususy pudakda alnyp barylýan işlere işjeň ornaşdyrylýar. Milli IT kompaniýalary edara-kärhanaIarda sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron resminama dolanyşyk ulgamyny, internet sahypalaryny, ykjam goşundylary we internet portallaryny, elektron söwda portallaryny döretmek ugrunda tejribe topladylar.
Gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi ulgamy türkmen işewürleriniň örän üstünlikli özleşdiren pudaklarynyň biridir. TSTB-niň agzalary önümçilik we durmuş maksatly desgalary – ýaşaýyş jaýlaryny we zawodlary, mekdepleri, çagalar baglaryny, lukmançylyk we sport binalaryny, ýollary, raýat awiasiýasynyň düzümleýin desgalaryny hem-de beýlekileri gurýarlar.
Bu aýdylanlara ýakynda geçirilen şu ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisindäki berlen maglumatlar hem aýdyň mysal bolup biler. Sebäbi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 109,5 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini 104 göterime deň boldy.
Aşyr AŞYROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.