Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli künjeginde köp sanly iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Köp gatly ajaýyp binalar gurulýar, şäherlerde täze ýaşaýyş toplumlary, iri ilatly nokatlar, uzak aralyklara awtobanlar, polat ýollar gurulýar, halkara ähmiýetli ulag düzümi kemala getirilýär. Toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk serişdelerine bolan islegiň ýokarlanmagyny, ýerli çig malyň binýadynda olaryň önümçiliginiň ösdürilmegini şertlendirdi. Häzirki wagtda gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň täze känlerini ýüze çykarmak boýunça geologik barlaglar işjeň alnyp barylýar. Bu işleriň netijeleri önümçilik toplumlarynyň kuwwatyny pugtalandyrmaga, ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň, beýleki önümleriň öndürilişiniň möçberini artdyrmaga gönüden-göni ýardam edýär. Şeýle önümlere ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär.
Awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna uly möçberde serişdeler goýberilýär. Aýratyn inženerçilik-tehniki çözgütleri we täze tehnologiýalary talap edýän desgalaryň, şol sanda awtobanlaryň, köprüleriň, köpzolakly halkalaýyn awtomobil ýollarynyň, ýerasty geçelgeleriň, ýollaryň ugurlaryndaky köp derejeli çatryklaryň gurluşyklaryna möhüm ähmiýet berilýär.
Şeýle hem ýurdumyzda elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde döwrebap elektrik stansiýalary guruldy, öndüriji kuwwatlyklar ençeme esse artdyryldy, täze elektrik geçiriji ulgamlar guruldy we täzelenildi. Bu işler ýurdumyzyň dünýä energetika ulgamyna mundan beýläk-de goşulyşmagy üçin amatly şertleri döredýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda jemi kuwwaty 7000 megawata deň bolan 12 sany elektrik stansiýasy işleýär. Şolaryň 8-si Garaşsyzlyk ýyllarynda, has takygy, 2013–2021-nji ýyllarda gurlup ulanmaga berildi. Taslama laýyklykda, täze elektrik stansiýasynda 4 sany gaz hem-de 2 sany bug turbinalary hereket edýär. Olaryň jemi öndürijilik kuwwaty 1574 megawata deňdir.
Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny ösdürmäge berýän hemişelik ünsi netijesinde bu pudakda täzeçil hem-de innowasion ugurlara hem aýratyn üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň martynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi. Oňa laýyklykda, elektrik önümçiliginiň innowasion, hususan-da, energiýanyň Gün we ýel ýaly gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak arkaly elektrik energiýasyny öndürmek boýunça innowasion taslamalar işlenip taýýarlanylýar. 2022-nji ýylyň iýul aýynda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan ilkinji köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygyna başlandy. Bularyň ählisi «ýaşyl» energetikanyň mümkinçiliklerini ulanmak boýunça taslamalaryň uly geljeginiň bardygyna şaýatlyk edýär. Bu taslamalar milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň kuwwatyny artdyrmakda we düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmakda uly ähmiýete eýe bolar.
Häzirki wagtda Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan ilkinji köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär.
Hormatly Prezidentimiziň her ýylyň 3-nji noýabrynda «Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek hakynda» gol çeken Permany milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga saldamly goşant goşup, halal we tutanýerli zähmet çekýän ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy we senagat pudaklarynyň zähmetkeşleriniň ägirt uly goşandynyň ykrar edilýändiginiň güwäsi boldy.
Begenç ANNAGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.