Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň dürdäneleri dünýä ýaýylýar. Muny 2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty», Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024 – 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi hem tassyklaýar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Änew şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň şanyna paýtagtymyzda birnäçe halkara medeni çäreler geçirildi. Şolaryň biri hem türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalydyr. Bu festiwal döwletara gatnaşyklaryny medeni ulgamda pugtalandyrmaga, şeýle hem halklaryň arasyndaky dost-doganlygy ösdürmäge uly itergi berdi.
Festiwalyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatrynyň «Magtymguly», Gazagystan Respublikasynyň Nurmuhan Žanturin adyndaky sazly drama teatrynyň «Guýy», Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň «Kabyl we Habyl», Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň «Gelin ýöreýşi», Gyrgyz Respublikasynyň Kasymaly Žantoşew adyndaky sazly drama teatrynyň «Ak gämi», Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň «Pursat», Türkiýe Respublikasynyň Siwas döwlet teatrynyň «Garajaoglan», şeýle-de Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň «Akyldar» atly sahna oýunlary görkezildi.
Şeýle hem festiwalyň çäklerinde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynda göçme kitap sergisi, TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ýazyjy-şahyrlarynyň şygryýet agşamy hem-de TÜRKSOÝ-a agza ýurtlarynyň ýazyjylarynyň talyp ýaşlar bilen geçirilen döredijilik duşuşygy boldy. Bu medeni çäreler iňňän täsirli bolup, oňa gatnaşyjylar edebi gatnaşyklarymyzy has-da ösdürmäge uly goldaw-hemaýat berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Mälim bolşy ýaly, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň hemişelik geňeşiniň 39-njy maslahatynda 2024-nji ýylda Änew şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilipdi. Bu halkara derejedäki ähmiýetli wakalar teatr festiwalynyň mazmunyny düzdi. Häzirki wagtda gadymy Änewiň taryhy-arheologik, binagärlik we etnografik ýadygärlikleri ylmy esasda öwrenilýär. Şol nukdaýnazardan bu geçirilýän festiwalyň düýp manysy Änew medeniýeti bolmak bilen, festiwalyň çäklerinde Seýitjemaleddin ýadygärlik toplumyna baryp gördüler.
Resul GUWANJOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.