Golaýda paýtagtymyzda GDA-nyň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi geçirildi. Bu möhüm mejlisiň çäklerinde Türkmenistan Russiýa Federasiýasyndan geňeşe başlyklyk etmegi resmi taýdan kabul etdi.
GDA-nyň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşi oňa gatnaşyjy ýurtlaryň zähmet we durmuş ugurlaryndaky tagallalaryny birleşdirmek üçin möhüm meýdança bolup durýar. Onuň mejlislerinde iş bazary, durmuş we iş üpjünçiligi, işgärleriň hukuklarynyň goralmagy, zähmet çekmegiň şertleri ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Geňeşiň netijeli çözgütleri GDA ýurtlarynyň döwlet syýasatynyň ösmegine uly täsir edýär. Bu bolsa Arkalaşygyň çägindäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagynda möhüm tapgyr bolup durýar.
Aşgabatda geçirilen GDA-nyň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisiniň dowamynda ýurdumyzda soňky bäş ýylyň dowamynda işewür-jemgyýetçilik ugry boýunça gazanylan möhüm üstünlikler beýan edildi. Ilaty goramak we saglygy goraýyş pudaklaryna çykdajylaryň artdyrylmagy, şeýle hem giň gerimli şähergurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi esasy ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.
Arkadag şäherinde 2023-nji ýylda gurluşygyň birinji tapgyrynyň çäginde ýaşaýyş jaýlary, mekdepler we saglygy goraýyş edaralary ýaly 336 sany döwrebap bina ulanyşa berildi. Ikinji tapgyryň dowamynda saglygy goraýyş edaralarynyň we jemgyýetçilik desgalarynyň gurluşygynyň has giňeldilmegi göz öňünde tutulýar.
Goçmyrat HEZILOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.