25-nji okt­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Uk­rai­na­da­ky Il­çi­ha­na­syn­da Uk­rai­na­nyň “Bi­lim” jem­gy­ýe­ti­niň we­kil­le­ri And­reý Gor­ça­kow, Ka­te­ri­na Kraw­çuk we Ol­ga Kraw­çuk da­gy bi­len du­şu­şyk ge­çi­ril­di.
Uk­rai­na­nyň “Bi­lim” jem­gy­ýe­ti 1948-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lyp, bu jem­gy­ýet Uk­rai­na­da yl­my, bi­li­mi we me­de­ni­ýe­ti ýaý­baň­lan­dyr­mak ba­bat­da özü­niň köp ýyl­lyk tej­ri­be­si bi­len iň uly jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­sy bo­lup dur­ýar.
A.Gor­ça­kow jem­gy­ýe­tiň dü­zü­min­de hu­su­sy uni­wer­si­te­tiň he­re­ket ed­ýän­di­gi­ni, on­da hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da dür­li ugur­lar bo­ýun­ça okuw sa­pak­la­ry­nyň be­ril­ýän­di­gi­ni, hem-de onuň ýo­ka­ry bi­lim ha­kyn­da­ky dip­lo­my­nyň dün­ýä­niň köp ýurt­la­ry ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le hem türk­men ta­lyp­la­ry ta­ra­pyn­dan gy­zyk­lan­ma bo­lan ýag­da­ýyn­da, ola­ry ta­lyp­ly­gyň ha­ta­ry­na ka­bul et­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny yg­lan et­di.
Me­de­ni ugur­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet Mi­nistr­li­gi we Türk­me­nis­ta­nyň Uk­rai­na­da­ky Il­çi­ha­na­sy bi­len dür­li de­re­je­dä­ki çä­re­le­ri gu­ra­ma­ga, ser­gi­le­ri we me­de­ni hep­de­lik­le­ri ge­çir­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny yg­lan et­di.
Il­çi T.Ata­ýew öz ge­ze­gin­de ylym, bi­lim we me­de­ni­ýet ugur­la­ry Türk­me­nis­tan bi­len Uk­rai­na­nyň ara­syn­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry­dy­gy aý­dyp, bu ugur­lar­da Il­çi­ha­na ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da mag­lu­mat­la­ry ýe­tir­di. Has ta­ky­gy, Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li çä­re­le­riň Uk­rai­na­da we dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan giň­den bel­le­nil­ýän­di­gi aý­dyl­dy. Bu­la­ryň çäk­le­rin­de Tür­ki me­de­ni­ýe­ti­niň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy – TÜRK­SOÝ ta­ra­pyn­dan 2024-nji ýy­ly «Tür­ki dün­ýä­si­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly» diý­lip yg­lan edi­len­di­gi­ni we 2024-2025-nji ýyl­lar­da ÝU­NES­KO bi­len bi­le­lik­de bel­le­nip ge­çil­jek şan­ly se­ne­le­riň sa­na­wy­na go­şu­lan­dy­gy bel­le­nil­di.