28-nji okt­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Mu­kam­lar köş­gün­de Er­me­nis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ýur­du­myz­da­ky Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň açy­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Açy­lyş da­ba­ra­sy­na Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň we onuň ga­ra­ma­gyn­da­ky eda­ra­la­ryň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň, giň jem­gy­ýet­çi­li­giň we­kil­le­ri, ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri, ugur­daş ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry, ta­lyp­lar ýyg­nan­dy­lar.
Çä­rä gat­na­şy­jy­lar pa­ra­hat­çy­lyk, giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk, me­de­ni­ýe­ti we sun­ga­ty ös­dür­mek sy­ýa­sa­ty­ny alyp bar­ýan­dyk­la­ry üçin iki ýur­duň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­na — Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowa hem-de Er­me­nis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Waagn Ha­ça­tur­ýa­na tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler.
Açy­lyş da­ba­ra­syn­dan soň­ra, dost­luk­ly ýur­duň me­de­ni­ýet we sun­gat us­sat­la­ry­nyň kon­ser­ti bol­dy. Kon­ser­tiň mak­sat­na­ma­sy­na halk saz­la­ry we aý­dym­la­ry, nus­ga­wy, est­ra­da saz­la­ry, tans kom­po­zi­si­ýa­la­ry gi­ri­zil­di. To­ma­şa­çy­lar ar­tist­le­riň çy­kyş­la­ry­ny şow­hun­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­la­dy­lar. Ki­no sun­ga­ty­nyň muş­dak­la­ry­na er­me­ni ki­ne­ma­tog­raf­la­ry­nyň dür­li ýyl­lar­da su­ra­ta dü­şü­ren ki­no­film­le­ri bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­dil­di. Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň çäk­le­rin­de paý­tag­ty­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry üçin “Aş­ga­bat” ki­no­te­at­ryn­da we “Wa­tan” ki­no­kon­sert mer­ke­zin­de ki­no­film­le­riň gör­ke­zi­liş­le­ri gu­ral­dy.
Er­me­nis­tan­dan ge­len myh­man­lar üçin giň me­de­ni mak­sat­na­ma taý­ýar­lan­dy. Onuň çäk­le­rin­de myh­man­lar ak mer­mer­li paý­tag­ty­my­zyň gö­zel ýer­le­ri, mu­zeý­le­riň tä­sin gym­mat­lyk­la­ry bi­len ýa­kyn­dan tan­şar­lar.