28-nji oktýabrda Paşkow öýünde Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň aýdym-saz neşirleri we ses ýazgylary bölüminiň konsert zalynda gibrid görnüşde Gündogaryň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahat Russiýanyň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» VIII Moskwa Halkara sungat festiwalynyň çäginde guraldy.

Çärä Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi E.Aýdogdyýew, Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň Baş direktory W.Duda we Nury Halmamedow adyndaky Moskwa halkara sungat festiwalynyň art-direktory, kompozitor M.Guseýnow, şeýle hem Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, Magtymguly Pyragynyň eserlerini okyjylar onlaýn we oflaýn görnüşde gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny wagyz edýändigi we medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, ýurtlaryňdyr halklaryň ýakynlaşmagy üçin köpri bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi Russiýanyň Döwlet kitaphanasyna edebiýat, milli baýlyklar, medeniýet baradaky kitaplary, şol sanda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ýazylan birnäçe kitaplar, Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň ýubileý nusgalary sowgat berildi.