Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalary ýylyň üçünji çärýegine degişli maliýe ýagdaýy barada hasabat ýaýratdy. “Microsoft” kompaniýasy iýul-sentýabr aýlary aralygynda girdejisini 16 göterim artdyryp, 65,6 milliard dollara, arassa peýdasyny 11 göterim ýokarlandyryp, 24,7 milliard dollara ýetirmegi başardy. Tehnologiýa ägirdiniň emeli aň we “bulut” tehnologiýasy ugurlaryndaky ösüşi garaşylandan ýokary girdeji gazanmagyna getiripdir. Kompaniýa degişli döwürde her paýnama üçin girdejisini 2,99 dollardan 3,30 dollara çykarypdyr.
“Facebook”, “Instagram” we “WhatsApp” brendlerine eýeçilik edýän “Meta” bolsa girdejisini 19 göterim artdyryp, 40,5 milliard dollara, arassa peýdasyny 35 göterim ýokarlandyryp, 15,6 milliard dollara ýetiripdir.
Kompaniýanyň her paýnamadan alýan girdejisi 4,39 dollardan 6,03 dollara ýetipdir.