Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen sportuny ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şunuň esasynda, häzirki wagtda eziz Watanymyzda sport ulgamyny ösdürmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny, bu işleriň bütin dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyny, şeýle hem ýurdumyzyň dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülendigini buýsançly nygtamak gerek.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 25-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigi bilen baglylykda, 2-nji noýabrda sport çäresini geçirmegi, hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegi teklip etmegi ulus-ilimizde gyzgyn goldaw tapdy. Munuň özi Türkmenistanyň sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanydygyny nobatdaky gezek dabaralandyrar.
Watanymyzda sport-sagaldyş hereketi, köpçülikleýin bedenterbiýe sazlaşykly ösdürilýär, Aşgabatda we ýurdumyzyň sebitlerinde sport düzüminiň häzirki zaman desgalary gurulýar. Bu zatlar Türkmenistan Watanymyzyň halkara sport ýaryşlarynyň, Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwrebap merkezine öwrülmegine, ussat türgenleriň kemala gelmegine şert döredýär.
Şu ýylyň 6-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyz üçin örän uly abraýdyr. BMG-ä agza ýurtlaryň 87-si bu başlangyjy biragyzdan goldady. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Çözgüdine laýyklykda, şu ýyl Aşgabat şäheri «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Bu bolsa Garaşsyz Watanymyzda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere berlen ýokary bahadyr.
Milli Liderimiziň: «Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir we sagdynlykdyr. Sporta bolan söýgi durmuşa bolan söýgüdir» diýen sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda sport hereketini ösdürmek üçin ýaşlara giň mümkinçilikler döredilýär. Öňde goýlan wezipeleri berjaý edip, bildirilýän belent ynamy ödemekde sport mekdepleriniň işgärleri hem yhlas bilen zähmet çekýärler. Degişli meýilnamalar esasynda türgenleşikleriň geçirilip, ýaşlary sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek babatda ähli tagallalaryň edilýändigini aýratyn bellemek gerek.
Sport – dostluk, sagdynlyk, parahatçylyk ýaly gymmatlyklary özünde jemleýär. Eziz Watanymyz Türkmenistan dünýäde sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde tanalýar. Ýurdumyzda halkara derejesinde geçirilen sport çäreleri, çempionatlar aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň şeýledigine Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty we Kuraş boýunça ХIV dünýä çempionaty doly şaýatlyk edýär.
Garaşsyz ýurdumyzda bagtyýar nesilleri kemala getirmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmäge, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sport hereketlerini ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda milli maksatnamalar, toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ahmet EÝEBERDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.