Ýarymgeçiriji önümçiligi bilen meşgullanýan «Nvidia» kompaniýasy täze emeli aň çiplerine bolan islegiň ýokarlanmagy bilen bazar bahasyny artdyryp, dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy. Şeýlelikde, kompaniýanyň gymmaty 3,53 trillion dollara ýetip, bazar bahasy 3,52 trillion dollar bolan «Apple»-den öňe geçdi. Mundan ozal hem kompaniýa iýun aýynda «Microsoft»-dan we «Apple»-den ozup, dünýäniň iň gurply kompaniýasy bolupdy. «Nvidia»-nyň ýolbaşçylary täze nesil çipleriniň önümçiliginiň ýokary depginler bilen artýandygyny, öndürilen harytlaryň bir ýyl öňünden sargyt edilýändigini aýdýarlar. Bilermenler emeli aň tehnologiýasyna ýokary islegiň dowam eden ýagdaýynda kompaniýanyň girdejisiniň artyşynyň dowam etjekdigini belleýärler.
Atamyrat ÝAZOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.